Harmanlar hanalardan döreýär

17 Oktýabr 2023
658

«Ak altyn» ussatlarynyň durmuşynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymy Babadaýhan etrabynda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bereketli atyzlardaky hasyly ýygnamak işi etrabyň «Zähmet» daýhan birleşiginde has-da guramaçylykly alnyp barylýar. Bu daýhan birleşiginden Ýaran Hojaýewiň zähmetsöýer kärendeçiler maşgalasy-da «ak altyn» harmanynyň barha beýgelmegine mynasyp goşandyny goşup gelýär.

Indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri ene topraga hyzmat edip gelýän kärendeçiler maşgalasynyň 14 gektar ýerde ýetişdiren hasyly bereketli bolupdyr. Kärendeçiler maşgalasynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy bilen alyn derini siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny synlanyňda gözüň dokunýar. Geçen ýyl her gektardan 30 sentnerden geçirip hasyl alan kärendeçiler maşgalasynyň şu ýylky ýetişdiren hasylyndan hem göwünleri hoş.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz. SURATDA: tejribeli daýhan Ýaran Hojaýew ogly Meýlis bilen. Surata düşüren awtor.