Gyşa taýýarlyk

17 Oktýabr 2023
518

Maldarlar üçin gyş pasly jogapkärli möwsümleriň biri hasaplanylýar. Muňa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň işjanly maldarlary diýseň oňat düşünýärler. Olar şu günlerden gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň gyşladyljak ýerleri bolan agyllaryň 49-synda, kaşarlaryň 18-sinde, sygyr ýataklarynyň 69-synda we düýe agyllarynyň 7-sinde abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirýärler. Bu işde etrabyň «Magtymguly», Şaja Batyrow adyndaky, «Ýeňiş», «Mürçe» daýhan birleşikleriniň işjanly maldarlary has hem görelde alarlyklydyr. Olar «Näzdepe», «Mydar», «Garry kak», «Meňen», «Arap» «Goşa-kak», «Alagol» öri meýdanlarynda mallary bakmak bilen olaryň baş sanyny artdyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýlelikde, sähra merdanalary jemgyýetçilik mallaryna eýeçilik gözi bilen garaýarlar.

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, ...» diýen pähimden ugur alýan maldarlar, çopan-çoluklar bu jogapkärli möwsümiň gyş aladalaryny irgözinden edýärler. Häzirki wagtda zerur bolan ätiýaçlyk ot-iýmler mallaryň gyşladyljak ýerlerine eltildi. Munuň özi işjanly maldarlaryň işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Ogulmaral SÖÝÜNOWA,
TKA-nyň Bäherden etrap birleşmesiniň işgäri.