Watan harmany beýgelýär

18 Oktýabr 2023
722

Şu günler «ak altynly» pellerde pagta ýygymy sazlaşykly we güýçli depginde dowam edýär. Pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň köp derejede kombaýnlaryň bökdençsiz, öndürijilikli işine baglydygy hemmelere mälimdir. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Tejen etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda, Tejen daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda günorta arakesme wagtynda «Armaweriň, pagtaçylar!» ady bilen aýdym-sazly medeni-dynç alyç çäresi geçirildi. Medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň görkezen çykyşlary zähmetkeşleri has-da hyjuwly işläp zähmet üstünliklerini gazanmaga höweslendirdi. Kärendeçi daýhanlar köp zähmet siňdirip ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler.

Edermen babadaýhanlar şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, işlemäge zerur şertleri döredýän, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gurbanmyrat JUMAÝEW,
TKA-nyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.