Ekiş gyzgalaňly barýar

18 Oktýabr 2023
769

Ak bugdaý etrabynyň gallaçy daýhanlary geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirip, bu işi gyzgalaňly alyp barýarlar. Ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyna we geljek ýylyň bol hasylyň girewidigine oňat düşünýän etrabyň ak ekin ussatlary bu işe jigapkärli çemeleşýärler.

Ekişde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniň ekijileriniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Magtymguly adyndaky, “Bugdaýly” daýhan birleşikleriniň, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri däne ekişinde has-da tutanýerlilik görkezýärler. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögerişiň gazanylýandygyny hem bellemek ýakymly.

Garýagdy KAKAJYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.