Şaly harmany beýgelýär

17 Oktýabr 2023
521

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Daşoguz welaýatynyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde bereketli saçaklaryň bezegi bolan şalynyň bol hasylyny kemala getirdiler. Häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şaly, esasan, welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» we S.A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Uly üstünliklere beslenýän ýylymyzda S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4 müň 750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 3 müň 350 gektar ýerden 14 müň 500 tonna hasyl ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bu daýhan birleşikleri kärendeçileriň ýüzlerçesi bilen şertnama baglaşdy. Ýöriteleşdirilen hojalyklaryň şalyçy kärendeçileriniň ençemesi oragyň ilkinji günlerinden şertnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý edip, uly zähmet üstünligini gazandylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agrosenagat toplumynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar, daýhanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Şeýle özgertmeler netijesinde, ýer eýeleriniň ene topraga bolan yhlasy artýar. Bu günki gün mele topraga yhlasly zähmetini siňdirýän daýhanlar döredilýän oňaýly şertler, berýän hemaýat-goldawlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Gülşat GURBANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hasapçysy.