Şaly oragy ýokary depginde

18 Oktýabr 2023
584

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçylary şu ýyl 4750 gektar ýerde bu gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda gaýratly zähmet çekdiler. Şu ýyl şaly oragynyň ilkinji günlerinden bu daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň Watan harmanyna goşýan goşandynyň guwandyryjy bolýandygyny aýtmagymyz gerek. Saparmyrat Öräýewiň 33 gektar kärende ýerinden 200 tonna golaý, Haýtgylyç Gurbangylyjowyň 10 gektar meýdanyndan 55 tonnadan gowrak, Allaberdi Söýegowyň 8 gektar ýerinden 48 tonna, Arazgeldi Gökgözowyň 6 gektaryndan 35 tonna ýakyn şaly hasyly harmana tabşyryldy. Şeýle bitginli hasylyň ýetişdirilendigini hojalygyň beýleki kärendeçileriniň kärende ýerlerini synlanyňda hem görmek bolýar.

Şaly oragy möwsümi etrabyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde hem gowşamaýan depginde dowam edýär. Bu hojalygyň şalyçylary şu ýyl 3350 gektar ýerde şalynyň bitginli hasylyny ýetişdirdiler. Galla kabul ediş nokadyndan berilýän habarlar zähmetsöýer şalyçylaryň ekin meýdanlaryndan ýygnalýan «sary altynyň» hiliniň hem, hasyllylygynyň hem ýokarydygyny görkezýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu ýere bir günüň dowamynda şalyçy kärendeçiler Jennet Batyrowanyň 44, Humaý Arazmedowanyň 15, Baýramgeldi Kulyýewiň 10, Altyn Baýmyradowanyň 6 gektar kärende ýerlerinden ýygnalyp, gapandan geçen şaly hasylynyň her gektarynyň ortaça görkezijisi 50 — 55 sentner töweregi bolupdyr.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.