"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşyklary boýunça maýa goýum forumy Brýusselde geçiriler

Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň – Ýewropa we Merkezi Aziýa – arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlary birleşdirjek maýa goýum forumyna taýýarlyk görýär. Forum Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşygy boýunça Ýewropa Komissiýasynyň garamagynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan ozal ýerine ýetirilen we geçirilen barlag işleriniň dowamy bolar.

Dünýä nusgalyk ösüşler

Guwanjymyz, buýsanjymyz bolan Türkmenistan döwletimiz okgunly ykdysady ösüş ýolundan ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz parahatçylygy, halk bähbitli işleri esasy ugur hökmünde ileri tutýar. Şonuň üçin hem halk, umumadamzat bähbitli beýik işler we düýpli özgertmeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti ösýär, dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri has-da ýokarlanýar. Munuň özi bolsa işleriň has-da ýokary derejede alnyp barylmagyna, döwrebap mümkinçilikleriň ýola goýulmagyna şert döredýär. Işlenilip taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary, sanlylaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüşini üpjün edýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $830,3 milliona ýetdi

Şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 830,3 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 700,9 million ABŞ dollarlyk önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 129,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Gazbeton önümlerine isleg artýar

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Gazbeton zawodynyň öndürýän önümlerine isleg barha artýar. Kärhanada şu ýylyň geçen dokuz aýynyň önümçilik görkezijileri hem oňa güwä geçýär. Agzalan döwürde kärhanada 14 million 140 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 105,8 göterim üpjün edilendigini görkezýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhanada jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlary, kärhanalaryň hem-de senagat infrastrukturasynyň desgalary üçin gazbeton önümleriniň önümçiligi bökdençsiz alnyp barylýar. Taslama kuwwaty gazbeton önümleriniň ýylda 144 müň kub metrini öndürmäge niýetlenen bu kärhananyň ýokary hilli, dürli göwrümdäki diwarlyk bloklary, ýylylyk saklaýjy önümleri hem uly islege eýedir. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan bu önümler sarp edijilere bökdençsiz ugradylýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri şu ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemek üçin iş depginini birjik-de gowşatmaýarlar.

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden görkezmek hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. 25-nji oktýabrda açylmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara sergi we maslahat hem şol maksatlary ugur edinýär. Forum energetika pudagyny durnukly ösdürmek, dünýäniň energetika ulgamynda soňky ýagdaýlara syn bermek hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer.

Nebitiň çykarylyşyny artdyrmakda netijeli işler

Günbatar Türkmenistanyň nebit çykarylýan guýularynda alnyp barylýan düýpli abatlaýyş işleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Sebäbi soňky ýyllarda çuňlukda ýerleşýän gatlaklary ulanmak maksady bilen, gazylýan nebit guýularynyň sany barha köpelýär. Şoňa görä-de, täze guýular bilen birlikde öňki ulanyşda bar bolan nebit guýularynyň hem işleýşini durnukly ýagdaýda saklamak we mümkin boldugyça, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz känleriniň ulanyş guýularynda düýpli abatlaýyş işleri diňe bir «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň toparlary tarapyndan ýerine ýetirilmän, eýsem, şol bir wagtyň özünde daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda olaryň elin hyzmatlary esasynda döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak bilen hem köp işler alnyp barylýar.

Goturdepeli nebitçileriň ynamly gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bitirilen işlere mynasyp baha bermek bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Bu ugurda oňyn netijeleri almak bolsa, ilkinji nobatda, pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan we olary işe girizmekden ybaratdyr. Şu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde alnyp barylýan işler döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy, ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri, sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli, ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalardyr ymaratlary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalarynyň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen dokuz a

Milli ykdysadyýetimiziň şanly sepgitleri

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary okgunly ösdürilýär. Bu bolsa ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamlar boýunça ýokary netijeleriň gazanylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň durnukly we diwersifikasiýa ýoly bilen ösmegine mümkinçilik berýär. Muňa şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda maksatnamalaýyn özgertmeler esasynda jemi içerki önümiň 6,3 göterim möçberde durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi doly şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde nygtaýşy ýaly, durnukly ykdysady ösüş ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň baş maksady bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna dahylly kabul edilen maksatnamalar we durmuşa geçirilýän özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu ugurda şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar. Agzalan serişdeleriň hasabyna täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar gurulýar, şäherlerimizdir obalarymyz özgerdilip, ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär.

Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, onuň ugrunda täze köprüleri gurmak meýilleşdirilýär

Mälim bolşy ýaly, 20-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, wise-premýer Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi. Bu ýoluň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglerine laýyk gelýän, sil-suw akabasynyň hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurduň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer.

Dünýäniň konteýner bazary ösýär

Deňiz üsti bilen konteýnerleri daşamakda nyrhlaryň peselendigine garamazdan, dünýä konteýner bazaryna bolan islegiň mukdary ýokary bolmagynda galýar. Awgust aýy üçin neşir edilen “CTS” maglumatlaryna görä, dünýä konteýner bazarynyň görkezijisi geçen ýyllardaky çäklendirmeleriň bolmagyna garamazdan, islegiň ýokary derejede saklanýandygy görkezýär. 2023-nji ýylyň ýazynda dünýä bazary durnuklaşdy we maý-iýul aýlarynda 15 million TEU çenli ýokarlandy. “CTS” berýän maglumatlaryna laýyklykda, awgust aýynda bazaryň mukdary 15,3 million TEU ýetdi. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 3,6%, 2019-njy ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 5,3% ýokarydyr.

Hytaý kompaniýasy Türkmenistana ýük awtomobilleriniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär

“Shacman” hytaý kompaniýasynyň halkara aragatnaşyklar bölüminiň wekili Fu Şihu Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory bilen kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk barada giňişleýin durup geçdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. Taraplar eksport pudagynda hyzmtdaşlygy üstünlikli ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar. Şeýle hem, hytaý kompaniýasynyň Türkmenistanda durmuşa geçiriljek täze taslamalara gatnaşmaga taýýardygy mälim edildi.

Aşgabat - Gökdepe ýolunyň ugrunda täze awtomobil köprüleri gurlar

Anna güni geçen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak boýunça teklipleri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi. Munuň özi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, suwuklandyrylan gazy, owganystanly işewürler “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 33 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, BAE-den, Owganystandan, Irlandiýadan, Gonkongdan we Serbiýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen lukmançylyk önümlerini satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 668 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Eýran ykdysadyýetiniň ösen pudaklary

(maglumatlar, sanlar, çaklamalar) Eý­ra­nyň önümçilik kär­ha­na­la­ry­nyň di­war­la­ryn­da­ky ýaz­gy­lar­dan:

Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm jähetleri

(Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň mysalynda) Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ygtybarly ykdysady binýadyny kemala getirmek we pugtalandyrmak işleri ýurt Garaşsyzlygyny hemmetaraplaýyn berkitmegiň aýrylmaz şerti hökmünde strategik maksatlaryň hatarynda öňe sürülýär. Ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy, şol sanda onuň sebitleri bilen hyzmatdaşlygyny düýpli ýokarlandyrmak we ösdürmeklik bu ugurdaky işleriň baş ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan Niderlandlaryň gämi abatlaýyş kärhanasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

Ýakynda Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýasynyň (Niderlandlar) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Agentligiň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşykda myhmanlar kompaniýa barada, onuň bäş yklymda ýerleşýän 35 gämi abatlaýyş kärhanasynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin maglumat berdi. Kompaniýanyň belli bir taslama laýyklykda ähli görnüşli gämileri gurýandygy bellendi.

Röwşen geljegiň aýdyň wezipeleri

Täze eýýamymyzyň şanly menzili bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toýly günlerinde ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerilip, ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi döwlet berkararlygynyň has-da pugtalanýandygyny, türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezdi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumda ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen taryhy çözgütler kabul edildi, geljek üçin düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan maksatnamalaýyn wezipeleri kesgitlenildi. Milli ykdysadyýetimiz innowasion usullaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde täze belentliklere galýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi işe bolan garaýyşlaryň hem çemeleşmeleriň düýbünden üýtgedilmegine, dolandyryş ulgamyna häzirki zaman halkara ülňüleriniň ornaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň täze durkunyň döredilmegine, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine täzeçe itergi berjek möhüm ähmiýetli waka boldy.

Täze tehnikalar — önümçilikde

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasyndan täze ýük ýükleýji kuwwatly tehnikalaryň 50-si we olaryň ätiýaçlyk şaýlary gelip gowuşdy. Senagat kärhanalarynda hem-de gurluşyk meýdançalarynda peýdalanmaga niýetlenen şol tehnikalar ýurdumyzyň sebitlerine paýlanyp berlip, häzirki wagtda önümçilikde bökdençsiz işledilýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde täze tehnikalaryň 10-a golaýy Lebap sement zawodynyň we Köýtendag kän müdirliginiň önümçilik işlerinde netijeli ulanylýar. «ZL50GN» kysymly ýük ýükleýji tehnikalaryň hereketlendirijisiniň güýji 220 at güýjüne deňdir. Olar 3 kub metrlik susgujy bilen birbada 5 tonna çenli ýüki götermäge, şeýle-de ýylyň ähli paslynda we islendik howa şertlerinde işlemäge ukyply. Täze tehnikalarda olary dolandyryjylar üçin hem ähli amatly şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek gerek.

Hytaý-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa ugruny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag ministrlikleriniň we demirýol pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen konferensiýa gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda “Hytaý – Gazagystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa” halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekmekligi tizleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň çarşenbe güni habar berdi. Özbegistanyň Ulag ministrliginiň başlangyjy bilen guralan duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda halkara ulag we üstaşyr ugurlary ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.