Goturdepeli nebitçileriň ynamly gadamlary

23 Oktýabr 2023
438

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bitirilen işlere mynasyp baha bermek bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Bu ugurda oňyn netijeleri almak bolsa, ilkinji nobatda, pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan we olary işe girizmekden ybaratdyr. Şu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde alnyp barylýan işler döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy, ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri, sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli, ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalardyr ymaratlary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalarynyň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen dokuz aýynda müdirligiň hünärmenleri tarapyndan hereket edýän guýulardan alnan «gara altynyň» möçberi 805 müň 752 tonna barabar boldy. Bu görkeziji gürrüňi edilýän hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan nebitiň üçden birine golaýdyr. Müdirlik boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,9 müň tonna golaý «gara altynyň» artyk çykarylyp, önümçiligiň ösüş depgininiň 101 göterime barabar ýokarlandyrylandygy bolsa bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da, kärhana boýunça gürrüňi edilýän hasabat döwründe 305 million kubmetre barabar tebigy gaz çykarmak baradaky meýilnama hem 102 göterimden geçirilip amal edilipdir.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».