Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

22 Oktýabr 2023
487

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 33 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, BAE-den, Owganystandan, Irlandiýadan, Gonkongdan we Serbiýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen lukmançylyk önümlerini satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 668 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.