Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm jähetleri

22 Oktýabr 2023
487

(Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň mysalynda)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ygtybarly ykdysady binýadyny kemala getirmek we pugtalandyrmak işleri ýurt Garaşsyzlygyny hemmetaraplaýyn berkitmegiň aýrylmaz şerti hökmünde strategik maksatlaryň hatarynda öňe sürülýär. Ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy, şol sanda onuň sebitleri bilen hyzmatdaşlygyny düýpli ýokarlandyrmak we ösdürmeklik bu ugurdaky işleriň baş ugurlarynyň biridir.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.