Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $830,3 milliona ýetdi

24 Oktýabr 2023
324

Şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 830,3 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 700,9 million ABŞ dollarlyk önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 129,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.