Milli ykdysadyýetimiziň şanly sepgitleri

23 Oktýabr 2023
423

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary okgunly ösdürilýär. Bu bolsa ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamlar boýunça ýokary netijeleriň gazanylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň durnukly we diwersifikasiýa ýoly bilen ösmegine mümkinçilik berýär. Muňa şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda maksatnamalaýyn özgertmeler esasynda jemi içerki önümiň 6,3 göterim möçberde durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi doly şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde nygtaýşy ýaly, durnukly ykdysady ösüş ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň baş maksady bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna dahylly kabul edilen maksatnamalar we durmuşa geçirilýän özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu ugurda şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar. Agzalan serişdeleriň hasabyna täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar gurulýar, şäherlerimizdir obalarymyz özgerdilip, ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär.

Bahar ALLAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.