Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, onuň ugrunda täze köprüleri gurmak meýilleşdirilýär

23 Oktýabr 2023
361

Mälim bolşy ýaly, 20-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, wise-premýer Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi. Bu ýoluň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglerine laýyk gelýän, sil-suw akabasynyň hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurduň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer.