Täze tehnikalar — önümçilikde

21 Oktýabr 2023
441

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasyndan täze ýük ýükleýji kuwwatly tehnikalaryň 50-si we olaryň ätiýaçlyk şaýlary gelip gowuşdy. Senagat kärhanalarynda hem-de gurluşyk meýdançalarynda peýdalanmaga niýetlenen şol tehnikalar ýurdumyzyň sebitlerine paýlanyp berlip, häzirki wagtda önümçilikde bökdençsiz işledilýär.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde täze tehnikalaryň 10-a golaýy Lebap sement zawodynyň we Köýtendag kän müdirliginiň önümçilik işlerinde netijeli ulanylýar. «ZL50GN» kysymly ýük ýükleýji tehnikalaryň hereketlendirijisiniň güýji 220 at güýjüne deňdir. Olar 3 kub metrlik susgujy bilen birbada 5 tonna çenli ýüki götermäge, şeýle-de ýylyň ähli paslynda we islendik howa şertlerinde işlemäge ukyply. Täze tehnikalarda olary dolandyryjylar üçin hem ähli amatly şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek gerek.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).