Türkmenistan Niderlandlaryň gämi abatlaýyş kärhanasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

21 Oktýabr 2023
520

Ýakynda Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýasynyň (Niderlandlar) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Agentligiň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşykda myhmanlar kompaniýa barada, onuň bäş yklymda ýerleşýän 35 gämi abatlaýyş kärhanasynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin maglumat berdi. Kompaniýanyň belli bir taslama laýyklykda ähli görnüşli gämileri gurýandygy bellendi.