Nebitiň çykarylyşyny artdyrmakda netijeli işler

23 Oktýabr 2023
448

Günbatar Türkmenistanyň nebit çykarylýan guýularynda alnyp barylýan düýpli abatlaýyş işleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Sebäbi soňky ýyllarda çuňlukda ýerleşýän gatlaklary ulanmak maksady bilen, gazylýan nebit guýularynyň sany barha köpelýär. Şoňa görä-de, täze guýular bilen birlikde öňki ulanyşda bar bolan nebit guýularynyň hem işleýşini durnukly ýagdaýda saklamak we mümkin boldugyça, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz känleriniň ulanyş guýularynda düýpli abatlaýyş işleri diňe bir «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň toparlary tarapyndan ýerine ýetirilmän, eýsem, şol bir wagtyň özünde daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda olaryň elin hyzmatlary esasynda döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak bilen hem köp işler alnyp barylýar.

Seýdek KERWENOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmekligi seljerme laboratoriýasynyň müdiri.