"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Demirbetonönümleri» zawodynda gurnama demir beton önümleriniň 23 müň kub metre golaýy öndürildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody demirgazyk welaýatyň senagat pudagynyň iri düzüm bölekleriniň biri bolup, bu ýerde ýerli gurluşykda giňden ulanylýan dürli ölçegdäki serişdeleriň birnäçe görnüşi öndürilýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň on bir aýynda gurnama demir beton önümleriniň 23 müň kub metre golaýyny öndürip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterim ösüş gazandylar.

Özbaşyna bir dünýäniň ykdysadyýeti

Sözbaşydan aňan bolsaňyz gerek, bu gezekki gürrüňiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysadyýeti hakda boljakdygyny. Ýöne «O nähili özbaşyna bir dünýä?» diýen sowal ýüze çykyp biler. Bu sowala taryh şeýle jogap berýär: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady taryhy XVII-XVIII asyrlarda başlanýar. Eýýäm 1700-nji ýyldan başlap, ýurduň import-eksport amallarynda ýokary ösüş gazanylýar. Şol bir wagtyň özünde-de Afrika, Aziýa, Ýewropa ýurtlarynyň koloniýalarynyň söwdasynyň ösmegine hem goşant goşýar. Mundan başga-da, ABŞ geçen asyryň başlarynda dünýäni ykdysady çökgünlikden halas etmek babatda elinden gelenini gaýgyrmadyk ýurt hökmünde bilinýär. ABŞ dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolandygyna garamazdan, beýleki ýurtlar bilen bir hatarda pandemiýanyň ýaramaz täsirine duçar boldy. Ýurtdaky hümmetsizlenmäniň netijesinde, 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda işçileriň ortaça sagatlyk girdejisi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,7 göterim peseldi. Federal ätiýaçlyk bankynyň hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň iýun aýynda soňky 40 ýylyň iň ýokary hümmetsizlenmesinden, ýagny 9,1 göterimden 3,7-ä düşdi. Işsizlik babatda bolsa soňky 50 ýylyň içinde iň pes dereje hasaba alyndy. Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýylda ýurduň importy eksportyndan 948,1 milliard amerikan dollary köp boldy. Netijede bolsa, ýetmezçilik söwda balansy 3,9 göterim pese gaçdy. Şeýle-de bolsa 2022-nji ýylyň i

ÝTÖB Merkezi Aziýada ýaşlar işewürligini ösdürmek üçin 200 million ýewro bölüp berer

ÝTÖB Merkezi Aziýada ýaşlar işewürligini ösdürmek üçin 200 million ýewro bölüp berer. Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Merkezi Aziýada we Mongoliýada «Ýaşlar işewürlikde» diýen maksatnama badalga berdi.

Hindistanyň gazna bazary Gonkongdan ozduryp, dünýäde ýedinji boldy

Hindistanyň gazna bazary Gonkongdan öňe geçip, göwrümi boýunça dünýäde ýedinji orunda durýar. Bu ýurduň ykdysady geljegi barada maýa goýujylaryň oňyn pikirleriniň artmagy bilen şertlendirilendir. Bütindünýä gazna biržalary federasiýasynyň habaryna görä, noýabr aýynyň ahyryna çenli Hindistanyň Milli gazna biržasynyň umumy bazar bahasy Gonkongyň bazarynyň 3,984 trillion amerikan dollary bilen deňeşdirilende, 3,989 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Hindi «Nifty 50» biržasynyň görkezijisi iň ýokary derejesini ýene bir gezek täzeledi. Bu ýyl ol 16 göterim ýokarlandy. Munuň tersine, Gonkongyň «Hang Seng» biržasynyň görkezijisi ýylyň başyndan bäri 17 göterim peseldi.

Hindistanly milliarder ýurduň ykdysadyýetiniň 2047-nji ýyla çenli 40 trillion amerikan dollaryna ýetjekdigini aýdýar

Aziýanyň iň baý adamy Mukeş Ambani Hindistanyň ykdysadyýetiniň 2047-nji ýyla çenli 3,5 trillion amerikan dollaryndan 40 trilliona ýetjekdigini nygtaýar. Bütindünýä banky hem 2047-nji ýyla çenli Hindistanyň ýokary girdejili ýurda öwrüljekdigini çaklaýar. «Reliance Industries» kompaniýasynyň başlygy Mukeş Ambani («Forbes»-iň maglumatyna görä, 92,8 milliard amerikan dollary bilen baýlygy boýunça dünýäde 15-nji orunda durýar) bu barada Pandita Dindaýala adyndaky Energetika uniwersitetinde (PDEU) eden çykyşynda aýtdy diýip, «Hindustan Times» habar berdi.

Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­nüniň şatlyk-şowhuny

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023 Her ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da ýur­du­myz­da ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my giň­den bel­le­nil­ýär. Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hem bu se­ne uly da­ba­ra­la­ra bes­len­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz we geo­lo­gi­ýa pu­da­gy­nyň hü­när­men­le­ri­ne hü­när baý­ra­my my­na­sy­bet­li Gut­lag ha­ty­ny iber­di. Gut­lag­da pu­da­gyň iş­gär­le­ri­niň ýa­daw­syz zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň soň­ky ýyl­lar­da uly üs­tün­lik­le­re eýe bo­lan­dy­gy, pu­dak­da al­nyp ba­ryl­ýan ön­dü­ri­ji­lik­li iş­ler esa­syn­da döw­le­ti­mi­ziň ýan­gyç çig ma­ly­nyň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şu­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz: «Ka­bul edi­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da iri se­na­gat top­lum­la­ry­ny hem-de gaz ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek, gel­je­gi uly ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­bat­da öň­de goý­lan sep­git­le­re ýet­mek üçin köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hu­su­san-da, Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da bir­nä­çe tä­ze ne­bit­li ýa­tak­la­ryň açyl­ma­gy­ny, Türk­me­nis­tan — Hy­taý, Gün­do­gar —

On bir aýyň netijeleri: durnukly ösüşiň aýdyň ýolunda

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylýan üstünlikler her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp, Ministrler Kabinetiniň 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde berlen hasabatlardyr beýan edilen görkezijiler hem ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini tassyklaýar. Ylaýta-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň 6,3 göterim ýokarlanmagy ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Jemi içerki önüm esasy makroykdysady görkezijileriň biri bolup, ol ulgamyň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Bu görkeziji ýurt derejesinde öndürilen jemi içerki önümi dürli ýyllar boýunça deňeşdirmäge mümkinçilik bermek bilen, hasabat döwründe haýsy içerki we daşarky şertleriň netijesinde ykdysadyýetde özgerişlikleriň bolup geçendigine hem-de olaryň sarp edijilere nähili täsir edýändigine baha bermäge esas döredýär. Mundan başga-da, kesgitli döwürde ýurduň çäginde jemi öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň möçberini aňlatmak bilen, öz gezeginde, dürli ýurtlaryň ykdysadyýetini deňeşdirmäge mümkinçilik berýän görkeziji bolup durýar. Jemi içerki önümiň möçberini ýokarlandyrmak üçin dürli usullaryň bardygyny bellemek ýerliklidir. Munuň üçin, ilkinji nobatda, jemi önümiň öndürilişine haýsy şertleriň täsir edýändigini aýdyňlaşdyrmak möhümdir.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi

14-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda döredilen bu hünär baýramçylygy her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi.

Ykdysady galkynyşa goşant

Berkarar Diýarymyzda ýokary derejede bellenilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrky günlerini uly toý dabaralaryna besledi. Bu şanly sene mynasybetli welaýatymyzda hem dabaraly çäreleriň birnäçesi geçirildi. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimizde uly orny eýeleýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen barha galkynýan pudak dünýä türkmen topragynyň ýylylygy bolup ýaýraýar. Soňky ýyllarda gazanylýan halkara ylalaşyklaryň netijesinde türkmen gazynyň we nebitiniň Günbatar Aziýa we Ýewropa döwletlerine ugradylýan şahalary barha ýaýraýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň galkynmagyna, il-günümiziň bolelin durmuşda ýaşamagyna uly goşantdyr.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralar

14-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Ma­ýa­ go­ýum tas­la­ma­la­ry we ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan bu toplum ata Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bu ugurda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabry ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak senä öwrüldi. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ägirt uly taslama Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisi açyldy. Dünýäde gazyň gorlary boýunça ikinji orny eýeleýän «Galkynyş» gaz käni onuň çeşmesine öwrüldi. Hut şol günden başlap, ýurdumyzda her ýylyň 14-nji dekabrynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär.

Ykdysadyýetiň esasy ugurlary

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde telekeçiligi goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu pudagyň düzümini kämilleşdirmäge, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum serişdelerini netijeli ulanmaga, iş orunlaryny artdyrmaga uly badalga berdi. Bazar gatnaşyklarynyň gün-günden işjeňleşýän hem-de ilatyň telekeçilik işi bilen meşgullanýan böleginiň sanynyň barha artýan döwründe ilatyň maliýe işjeňliginiň we sowatlylygynyň ähmiýeti örän uludyr. Ilatyň maliýe işjeňligi ilata maliýe hyzmatlaryny hödürleýän edaralaryň işini kämilleşdirmäge we maliýe ulgamynyň sagdynlaşmagyna hem oňaýly täsir edýär. Bu ulgamda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň aç-açan we maglumat almak üçin aýdyň bolmagy, ilatyň öz maliýe hukuklaryny bilmegi milli telekeçiligi ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär. Netijede, halkyň maliýe edaralaryna ynamy artýar.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar

Aşgabat, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda döredilen bu hünär baýramçylygy her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar

Aşgabat, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda döredilen bu hünär baýramçylygy her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi.

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, ösen ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Maksatnamada bellenilişine görä, nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, häzirki zaman önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şeýle hem nebiti, tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşlerini öndürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär.

Hünär baýramyna ajaýyp sowgat

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanyş guýularynyň birbada birnäçesini burawlamak, gurluşygyny doly tamamlap, ulanyşa girizmek boýunça düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylary «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Munuň özi gazçylaryň döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe taýýarlan ajaýyp toý sowgady boldy. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini 1940 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanan baý iş tejribesi arkaly, 1893 — 1883 metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Bu guwandyryjy zähmet üstünligi birnäçe aýyň dowamynda egin-egne berlip, agzybirlikli çekilen zähmetiň miwesidir. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy bir gije-gündizde 226 mü

Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý ýurtlarynyň hataryna girmek bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär. Bu döwrebap işleriň her birinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlarynyň hem mynasyp paýy bar. Konserniň burawlaýjylary nebitli-gazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginde bitirilýän işler hem maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ajaýyp zähmet üstünligi barada müdirligiň baş geology Meretgylyç Tuwakgylyjow şeýle gürrüň berdi:

Ýangyç guýujy täze beket

Düýn paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy täze bekediň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramyna özboluşly sowgat boldy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligine degişli täze bekediň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen ýangyç guýujy beketde degişli hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir. “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işgärleriniň we hünärmenleriniň bilelikdäki zähmeti netijesinde gurlup ulanmaga berlen beketde awtoulaglara dürli görnüşli ýangyçlary guýmak hyzmaty bilen bir hatarda, ýangyç howpsuzlygy kadalaryny berk berjaý etmek üçin hem mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde işleýän hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmagy bolsa hödürlenilýän hyzmatlaryň, alnyp barylýan işleriň ýokary derejede amal edilmegine ýardam berýär. Beketde awtoulaglara guýulýan ýangyjyň möçberi, ýerine ýetirilen işler boýunça hasabatlar, degişli seljermeler ýöriteleşdirilen enjamlar arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa işleriň talabalaýyk guralmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Ulgam ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar we uly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, onuň ähli pudaklaryna ösen tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýärler. Ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bank işjeňligini gazanmak maksady bilen, bank hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzyň bank ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde, karz edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, banklara iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenýär. Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Müşderilere hödürlenýän bank önümleri diwersifikasiýalaşdyrylyp, dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda täze hyzmatlary yzygiderli bank işjeňligine girizmek, müşderiler bilen işlemegiň täze usullaryny ýola goýmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Zemin baýlygy işjeň özleşdirilýär

14-nji dekabr — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni Güneşli ýurdumyz dünýäde uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde nebitgaz senagatyna we geologiýa pudagyna uly orun degişli bolup durýar. «Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyny ösdürmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi, gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki-gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy esasy ugurlar hasaplaýar.