Hindistanyň gazna bazary Gonkongdan ozduryp, dünýäde ýedinji boldy

17 Dekabr 2023
437

Hindistanyň gazna bazary Gonkongdan öňe geçip, göwrümi boýunça dünýäde ýedinji orunda durýar. Bu ýurduň ykdysady geljegi barada maýa goýujylaryň oňyn pikirleriniň artmagy bilen şertlendirilendir. Bütindünýä gazna biržalary federasiýasynyň habaryna görä, noýabr aýynyň ahyryna çenli Hindistanyň Milli gazna biržasynyň umumy bazar bahasy Gonkongyň bazarynyň 3,984 trillion amerikan dollary bilen deňeşdirilende, 3,989 trillion amerikan dollaryna deň boldy.

Hindi «Nifty 50» biržasynyň görkezijisi iň ýokary derejesini ýene bir gezek täzeledi. Bu ýyl ol 16 göterim ýokarlandy. Munuň tersine, Gonkongyň «Hang Seng» biržasynyň görkezijisi ýylyň başyndan bäri 17 göterim peseldi.

Taýýarlan: Gülälek Öwezowa,
Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar