Özbaşyna bir dünýäniň ykdysadyýeti

17 Dekabr 2023
379

Sözbaşydan aňan bolsaňyz gerek, bu gezekki gürrüňiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysadyýeti hakda boljakdygyny. Ýöne «O nähili özbaşyna bir dünýä?» diýen sowal ýüze çykyp biler. Bu sowala taryh şeýle jogap berýär: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady taryhy XVII-XVIII asyrlarda başlanýar. Eýýäm 1700-nji ýyldan başlap, ýurduň import-eksport amallarynda ýokary ösüş gazanylýar. Şol bir wagtyň özünde-de Afrika, Aziýa, Ýewropa ýurtlarynyň koloniýalarynyň söwdasynyň ösmegine hem goşant goşýar. Mundan başga-da, ABŞ geçen asyryň başlarynda dünýäni ykdysady çökgünlikden halas etmek babatda elinden gelenini gaýgyrmadyk ýurt hökmünde bilinýär.

ABŞ dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolandygyna garamazdan, beýleki ýurtlar bilen bir hatarda pandemiýanyň ýaramaz täsirine duçar boldy. Ýurtdaky hümmetsizlenmäniň netijesinde, 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda işçileriň ortaça sagatlyk girdejisi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,7 göterim peseldi. Federal ätiýaçlyk bankynyň hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň iýun aýynda soňky 40 ýylyň iň ýokary hümmetsizlenmesinden, ýagny 9,1 göterimden 3,7-ä düşdi. Işsizlik babatda bolsa soňky 50 ýylyň içinde iň pes dereje hasaba alyndy. Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýylda ýurduň importy eksportyndan 948,1 milliard amerikan dollary köp boldy. Netijede bolsa, ýetmezçilik söwda balansy 3,9 göterim pese gaçdy. Şeýle-de bolsa 2022-nji ýylyň ikinji ýarymyndan ýurduň ykdysadyýetinde täzeden galkynyş döwri başlanýar. Ýylyň birinji ýarymynda ep-esli pese gaçan ýurduň jemi içerki önümi ikinji alty aýynda 25,5 trillion amerikan dollaryna ýetdi. Kongresiň býujet gullugynyň hasabatyna laýyklykda, ýurduň jemi içerki önüminiň 2023-nji ýylda 26,24 trillion amerikan dollaryna, 2033-nji ýyla çenli bolsa 39,23 trillion amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar