Ykdysadyýetiň esasy ugurlary

15 Dekabr 2023
596

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde telekeçiligi goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu pudagyň düzümini kämilleşdirmäge, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum serişdelerini netijeli ulanmaga, iş orunlaryny artdyrmaga uly badalga berdi. Bazar gatnaşyklarynyň gün-günden işjeňleşýän hem-de ilatyň telekeçilik işi bilen meşgullanýan böleginiň sanynyň barha artýan döwründe ilatyň maliýe işjeňliginiň we sowatlylygynyň ähmiýeti örän uludyr.

Ilatyň maliýe işjeňligi ilata maliýe hyzmatlaryny hödürleýän edaralaryň işini kämilleşdirmäge we maliýe ulgamynyň sagdynlaşmagyna hem oňaýly täsir edýär. Bu ulgamda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň aç-açan we maglumat almak üçin aýdyň bolmagy, ilatyň öz maliýe hukuklaryny bilmegi milli telekeçiligi ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär. Netijede, halkyň maliýe edaralaryna ynamy artýar.

Bazargeldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň baş derňewçisi.
Beýleki habarlar