Zemin baýlygy işjeň özleşdirilýär

13 Dekabr 2023
738

14-nji dekabr — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

Güneşli ýurdumyz dünýäde uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde nebitgaz senagatyna we geologiýa pudagyna uly orun degişli bolup durýar. «Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyny ösdürmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi, gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki-gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy esasy ugurlar hasaplaýar.

Toýjan MÄMMEDOW.
Beýleki habarlar