Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­nüniň şatlyk-şowhuny

17 Dekabr 2023
515

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023

Her ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da ýur­du­myz­da ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa pu­dak­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my giň­den bel­le­nil­ýär. Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hem bu se­ne uly da­ba­ra­la­ra bes­len­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz we geo­lo­gi­ýa pu­da­gy­nyň hü­när­men­le­ri­ne hü­när baý­ra­my my­na­sy­bet­li Gut­lag ha­ty­ny iber­di. Gut­lag­da pu­da­gyň iş­gär­le­ri­niň ýa­daw­syz zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň soň­ky ýyl­lar­da uly üs­tün­lik­le­re eýe bo­lan­dy­gy, pu­dak­da al­nyp ba­ryl­ýan ön­dü­ri­ji­lik­li iş­ler esa­syn­da döw­le­ti­mi­ziň ýan­gyç çig ma­ly­nyň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şu­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz: «Ka­bul edi­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da iri se­na­gat top­lum­la­ry­ny hem-de gaz ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek, gel­je­gi uly ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­bat­da öň­de goý­lan sep­git­le­re ýet­mek üçin köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hu­su­san-da, Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da bir­nä­çe tä­ze ne­bit­li ýa­tak­la­ryň açyl­ma­gy­ny, Türk­me­nis­tan — Hy­taý, Gün­do­gar — Gün­ba­tar gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­ni we gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­ny ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bo­lar» di­ýip bel­läp geç­ýär.

Aýtgeldi BEGENJOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar