Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

14 Dekabr 2023
623

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, ösen ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Maksatnamada bellenilişine görä, nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, häzirki zaman önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şeýle hem nebiti, tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşlerini öndürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär.

Muhammet GURBANKULOW,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň başlygy.
Beýleki habarlar