Ykdysady galkynyşa goşant

15 Dekabr 2023
569

Berkarar Diýarymyzda ýokary derejede bellenilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrky günlerini uly toý dabaralaryna besledi. Bu şanly sene mynasybetli welaýatymyzda hem dabaraly çäreleriň birnäçesi geçirildi.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimizde uly orny eýeleýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen barha galkynýan pudak dünýä türkmen topragynyň ýylylygy bolup ýaýraýar. Soňky ýyllarda gazanylýan halkara ylalaşyklaryň netijesinde türkmen gazynyň we nebitiniň Günbatar Aziýa we Ýewropa döwletlerine ugradylýan şahalary barha ýaýraýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň galkynmagyna, il-günümiziň bolelin durmuşda ýaşamagyna uly goşantdyr.

Aýna ROZYÝEWA,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar