Ma­ýa­ go­ýum tas­la­ma­la­ry we ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy

15 Dekabr 2023
655

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan bu toplum ata Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bu ugurda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabry ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak senä öwrüldi. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ägirt uly taslama Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisi açyldy. Dünýäde gazyň gorlary boýunça ikinji orny eýeleýän «Galkynyş» gaz käni onuň çeşmesine öwrüldi. Hut şol günden başlap, ýurdumyzda her ýylyň 14-nji dekabrynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar