Hindistanly milliarder ýurduň ykdysadyýetiniň 2047-nji ýyla çenli 40 trillion amerikan dollaryna ýetjekdigini aýdýar

17 Dekabr 2023
424

Aziýanyň iň baý adamy Mukeş Ambani Hindistanyň ykdysadyýetiniň 2047-nji ýyla çenli 3,5 trillion amerikan dollaryndan 40 trilliona ýetjekdigini nygtaýar. Bütindünýä banky hem 2047-nji ýyla çenli Hindistanyň ýokary girdejili ýurda öwrüljekdigini çaklaýar.

«Reliance Industries» kompaniýasynyň başlygy Mukeş Ambani («Forbes»-iň maglumatyna görä, 92,8 milliard amerikan dollary bilen baýlygy boýunça dünýäde 15-nji orunda durýar) bu barada Pandita Dindaýala adyndaky Energetika uniwersitetinde (PDEU) eden çykyşynda aýtdy diýip, «Hindustan Times» habar berdi.

Taýýarlan: Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar