"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli ykdysadyýetiň ösüşli menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti täze ugurlar boýunça ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki kärhanalary döretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Senagat taýdan ösüş ýoluna eýerýän Garaşsyz Watanymyz ýokary ykdysady ösüşini, serişde kuwwatyny halkara sergilerde üstünlikli görkezip, ählumumy dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna okgunly goşulyşýar. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalardyr dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» bu babatda uly ähmiýete eýedir. Bu resminama dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň özleşdirilmegine, içerki we daşarky bazarlarda ýerli harytlaryň, hyzmatlaryň ilerledilmegine gönükdirilendir. Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlere işjeň gatnaşýar. Soňky ýyllarda ýurdumyz Şanhaýda, Milanda, Astanada, Dubaýda geçirilen sergilerde mynasyp wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň birnäçesinde täze demir ýol menzilleri gurlar

Türkmenistanyň sebitleriniň ilatly ýerleriniň birnäçesinde, şol sanda Baýramalyda, Duşakda, Bamyda, Jebelde, Balkanabatda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynyň çäklerinde täze demir ýol menzilleri gurlar. Bu boýunça degişli bildirş türkmen metbugatynda çap edildi. Gurluşyklary amala aşyrmak üçin bildiriş Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk ministrligi tarapyndan yglan edildi.

Russiýada deňizde ýük daşamagyň elektron resminamalarynyň dolanyşygy synagdan geçiriler

2023-nji ýylyň jemi boýunça Elektron ulag resminamalarynyň döwlet maglumat ulgamynda iň meşhur resminama ýol ýazgysy boldy. Bu barada «Sanly öwrülişik» atly metbugat maslahatynda ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Bakanow belledi. — Geçen ýyl ýol ýazgysy Elektron ulag resminamalarynyň döwlet maglumat ulgamynyň esasy resminamasy bolan bolsa, şu ýyl ol elektron ýazgysy bolar. Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň 75 guramasy ulgama birikdirildi — diýip, ýolbaşçy belledi.

Nebit gorlarynyň çykarylyş möçberi artdyrylýar

«Nebitgazylmytaslama» institutynyň degişli bölümleriniň alym-hünärmenleri tarapyndan soňky gezek 1978-nji ýylda Goturdepäniň, 1980-nji ýylda Barsagelmeziň ýataklarynyň nebitgaz gorlary iki görnüşde hasaplanyp, gorlar boýunça döwlet toparyna hödürlendi. Goturdepäniň Günbatar meýdançasynyň III, IIIa, IV gorizontlarynda, Barsagelmeziň II, IIa, III, IIIa gorizontlarynda göwrüm usulynda hasaplanan gorlaryň ululyk bahasynyň pesligini göz öňünde tutup, bu obýektleriň gorlary material balansyň usulynda hasaplanan gorlary kabul edildi.

Ýyllyk meýilnama on bir aýda ýerine ýetirildi

Biz «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow bilen wagtal-wagtal habarlaşyp, müdirligiň gazanýan önümçilik görkezijileri bilen gyzyklanyp durýarys. Bu gezek bolsa bize işine gaýym, müdirligiň ähli böleklerinde işleriň ýagdaýyna belet bölüm başlygynyň özi jaň etdi. Munuň hem özüne ýetesi sebäpleri bar eken. — Müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine beslediler. Şanly ýylyň meýilnamasy möhletinden bir aýdan hem gowrak öň abraý bilen berjaý edildi. Edermen gazçylarymyz ýylyň aýagyna çenli «mawy ýangyjyň» öndürilişini has-da artdyrmak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler — diýip, ol guwanç bilen habar berdi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde himiýa ylmynyň we tehnologiýalaryň orny

Soňky ýyllarda ýurdumyzda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid», Garlyk dag-magdan toplumy ýaly mineral dökünlerini öndürýän birnäçe kärhanalaryň gurulmagy diňe bir içerki bazaryň mineral dökünlere bolan islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazaryna hem çykarylmagyna şert döretdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary tarapyndan ýurdumyzyň uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallarynyň çeşmelerini, gorlaryny anyklamakda, olaryň himiki düzümlerini, fiziki-himiki häsiýetlerini kesgitlemekde hem-de olardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň innowasiýa tehnologiýalaryny işläp düzmekde, olary önümçilige ornaşdyrmakda dünýä ylmynyň gazanan iň häzirki zaman enjamlary oturdylan barlaghanalarda dürli ugurly düýpli ylmy-barlaglar alnyp barylýar. Ylmy barlaglaryň netijeleri hojalyk şertnamalaryny baglaşmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrylýar.

Ýyllyk meýilnama möhletinden öň berjaý edildi

Müdirligimiz boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly üstünlikli jemlenilýär. Baýlyk çykaryjylarymyz tutanýerli we maksada okgunly zähmet çekmek arkaly ýyllyk meýilnamany möhletinden bir aý öň berjaý etdiler. Şanly ýylda arzyly sepgide abraý bilen ýetilende «mawy ýangyjyň» 9 milliard 875 million 120 müň kub metri gazylyp alyndy. Guýularyň önüm berijiligini artdyrmagyň, işleri ýokary sazlaşykly guramagyň hasabyna her gije-gündizde tebigy gazyň, ortaça, 30,5 million kub metri öndürilýär. Şonuň netijesinde şu döwre çenli gymmatly harytlyk önümiň 10 milliard 667 million kub metrden gowragy öndürildi. Bu bolsa biziň ýetip gelýän ajaýyp Täze ýyl baýramyna mynasyp zähmet sowgadymyzdyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmäge çynlakaý üns berýär, pudagyň önümçilik-tehniki binýadyny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşýan zähmet gahrymanlarymyzyň sylagy hem ýetirilýär. Beýik senäniň ― Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň köpsanly raýatlarynyň hatarynda müdirligimiziň enjamlary bejeriji ussasy Niýazmyrat Amansähetow we Malaý-Çartak sehiniň tehnologiki gurluşlarynyň operatory Hudaýberen Allamyradow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldylar. Müdirl

Türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlady

2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 970,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi. Çeşmede bellenilişine görä, şu ýylyň 11 aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 92,4 million dollar köpeldi. Has takygy, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýylyň 11 aýynda 761,2 millon amerikan dollara, 2022-nji ýylyň 11 aýynda bolsa 877,5 million amerikan dollara barabar bolupdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 28 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Türkiýeden hem-de Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, dizel ýangyjyny, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümler satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 18 million 114 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

«Bloomberg» dünýäniň iň gowy girdejili paýnamalaryny mälim etdi

«Koreýa Respublikasynyň katod öndüriji «EcoPro» kompaniýasy dünýäniň «Bloomberg» indeksli (2647 gatnaşyjyly) ähli kompaniýalardan öňe geçip, 2023-nji ýylyň başyndan bäri 571 göterim ösüş gazandy» diýip, «Bloomberg» neşiri ýazýar. Kompaniýanyň gymmatly kagyzlarynyň girdejisi sanawda ikinji orunda duran «Kum Yang» kompaniýasyndan 200 göterim ýokarydyr. «Kum Yang» hem koreý kompaniýasy bolup, ol elektroulaglaryň akkumulýatorlary üçin goşundylary öndürýär. Paýnamalaryň bahasynyň ýokarlanmagyna bölekleýin bolsa-da, ýylyň başyndan bäri elektroulaglaryň akkumulýatorlaryna bildirilýän islegiň artmagy täsir etdi. Käbir bilermenleriň akkumulýatorlara bolan islegiň azalandygy barada beren çaklamalaryna garamazdan, kompaniýanyň girdejisi dowamly artdy.

«Nike» çykdajylaryny 2 milliard amerikan dollaryna çenli azaldar

Ýakyn 3 ýylyň dowamynda «Nike» kompaniýasy çykdajylaryny 2 milliard amerikan dollaryna çenli azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Bu habaryň yzysüre kompaniýanyň paýnamalary, takmynan, 12 göterim pese düşdi. «Nike» golaý 3 ýylyň dowamynda önümleriniň satylyşynyň pese düşjegini çaklap, çykdajylaryny azaltmagyň aladasyny edýär. Seljerijiler 2023-nji ýylyň jemleri boýunça kompaniýanyň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 1 göterim köp bolar öýdüp çaklaýarlar. Geçen ýyl bolsa kompaniýa 5 göterim töweregi ösüş gazanypdy.

Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topar döredildi

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topar döredildi we şol toparyň düzümi, şeýle hem topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün — 22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmek we bu ugurda işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Täze ýylyň iýunynda Garabogazda gurulýan köprüden ilkinji ulaglar geçip ugrar

Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurulýan täze awtomobil köprüsinden ilkinji ulaglar 2024-nji ýylyň iýun aýynda geçip ugrar. Bu barada Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň “Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edilen makalasynda aýdylýar. Täze köprüniň gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Garabogazköl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak hakyndaky Karary esasynda, 2022-nji ýylyň tomus paslynyň ortasynda girişildi.

Azerbaýjan türkmen we gazak deňiz portlaryny Rumyniýa bilen özara baglanyşdyrar

Azerbaýjanyň “ADY Container” kompaniýasy we “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasy Türkmenbaşy we Aktau portlaryndan Rumyniýanyň Konstansa portuna ýükleri daşamakda durnukly ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň üstünde işleýärler. Habarda bellenişi ýaly, bu ugur boýunça ýükleri demir ýol we deňiz ýollary arkaly bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Azerbaýjan kompaniýalary Hazar deňzi arkaly türkmen we gazak deňiz portlaryndan konteýner ýükli demir ýol düzümleri alyp, demir ýol arkaly Gruziýanyň Batumi portuna we ol ýerden hem deňiz ýollary arkaly Konstansa daşar.

Türkmenistanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük bazasyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük bazasy dörediler. Portuň Metbugat gullugy munuň üçin käbir işleriň durmuşa geçirilýändigini habar berdi. Port Russiýadan däne önümlerini daşamak üçin täze mümkinçilikler döreden nyrh ulgamyny täzeledi.

Sanly ykdysadyýet we ýaşlar

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bu möhüm işlere Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» kabul eden Karary badalga berdi. Bellemeli zat, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde ýurdumyzyň dolandyryş ulgamy üçin ýokary derejeli häzirki zaman hünärmenlerini taýýarlamak zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, bu babatda daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatyň depginli ösdürilmegini, ylmy talap edýän önümçilikleriň döredilmegine işewürleriň çekilmegini giňden talap edýär.

Gurluşykçylaryň gaýratly işleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda möhüm desgalary we medeni-durmuş maksatly binalary gurmak işleri giň gerimde dowam edýär. Bu il-ýurt bähbitli işe «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň ussat binagärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumynyň desgalaryny gurmak işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Häzirki günlerde olar tarapyndan Naýyp terminalynda suwuklandyrylan gazy kabul edýän we saklaýan desganyň, şeýle-de Gazojak terminalynda suwuklandyrylan gazy kabul edip, demirýol we awtomobil çeleklerine ýükleýän desganyň durkuny düýpli täzelemek işleri güýçli depginde dowam etdirilýär. Bu möhüm işleriň bellenilen möhletinde, ýokary hilli tamamlanmagy Naýyp gaz känindäki suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar toplumynda gymmatly ýangyjyň öndürilişini artdyrmakda, önümleri abat saklamakda we sarp edijilere bökdençsiz ugratmakda ähmiýetlidir. Bulardan başga-da müdirligiň gurluşykçylary «Naýyp» 220/110/35 kilowatlyk podstansiýa bekediniň we Mary welaýatyndaky möhüm desgalaryň gurluşyklarynda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Biz gujur-gaýratly binagärleri ýokary netijeli zähmet çekmäge höweslendirmek, olar üçin amatly iş şertleriniň döredilmeg

ASCO iki sany gury ýük gämisini satyn almak üçin BDÖB karzyny alar

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (ÝDÖÝ) “Hazar deňiz gämiçiligi kompaniýasy” (ASCO) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine 60 million dollar karzy tassyklady. Bu barada bankda “Interfaks-Azerbaýjan” gullugyna habar berildi. "Karz serişdeleri, halkara amallary giňeltmek strategiýasynyň bir bölegi hökmünde ASCO-ny iki sany gury gämisini satyn almak üçin ulanylar. Bu taslama ASCO-nyň Hazar deňzinden daşky halkara suwlardaky amallaryny giňeltmegine, Trans-Hazar ulag ýolunyň çäginde (Orta koridor) sebit aragatnaşygyny we söwda gatnaşyklaryny berkitmäge kömek eder.”- diýip, bankda mälim etdiler.

Ýylyň başyndan Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner daşamak iki esse köpeldi

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner dşamagyň mukdary ýylyň başyndan iki esse artdy. Russiýanyň demirýol telegram kanalynyň habaryna görä, Russiýa demir ýollarynyň başlygynyň orunbasary Alekseý Şilo Astrakanda geçirilen «PRO//Движение.Каспий» maslahatynda bu barada aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýakynda futuristik taslama hökmünde kabul edilen Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi indi amaly görnüşe eýe boldy.

Ülkämiň toý saçagynda

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde üstünliklere, şan-şöhrata beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljak 2023-nji ýylyň şatlyk-şowhuny halkymyzyň uludan-kiçä hemmesiniň kalbyny heýjana salýar. Dürli zerler, owadan şarlar, ýalpyldaýan oýnawaçlar bilen boýdan-başa bezelen arçalaryň daşy döwre gurap aýdym aýdyp, tans edýän çagajyklaryň şadyýan gülküsine gurşalypdyr. Gijelerine dürli öwüşgin bilen ýanýan çyralar ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzyň, şöhraty älem aýlanan «akylly» hem hemmetaraplaýyn amatly, ajaýyp Arkadag şäheriniň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň görküne görk goşup, halkymyzyň kalbynda şatlyk duýgularyny joşdurýar.