Gurluşykçylaryň gaýratly işleri

22 Dekabr 2023
618

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda möhüm desgalary we medeni-durmuş maksatly binalary gurmak işleri giň gerimde dowam edýär. Bu il-ýurt bähbitli işe «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň ussat binagärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumynyň desgalaryny gurmak işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Häzirki günlerde olar tarapyndan Naýyp terminalynda suwuklandyrylan gazy kabul edýän we saklaýan desganyň, şeýle-de Gazojak terminalynda suwuklandyrylan gazy kabul edip, demirýol we awtomobil çeleklerine ýükleýän desganyň durkuny düýpli täzelemek işleri güýçli depginde dowam etdirilýär. Bu möhüm işleriň bellenilen möhletinde, ýokary hilli tamamlanmagy Naýyp gaz känindäki suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar toplumynda gymmatly ýangyjyň öndürilişini artdyrmakda, önümleri abat saklamakda we sarp edijilere bökdençsiz ugratmakda ähmiýetlidir. Bulardan başga-da müdirligiň gurluşykçylary «Naýyp» 220/110/35 kilowatlyk podstansiýa bekediniň we Mary welaýatyndaky möhüm desgalaryň gurluşyklarynda arman-ýadaman zähmet çekýärler.

Biz gujur-gaýratly binagärleri ýokary netijeli zähmet çekmäge höweslendirmek, olar üçin amatly iş şertleriniň döredilmegini gazanmak, durmuş taýdan goramak meselelerini gün tertibinde saklaýarys. Şanly ýylyň tamamlanmagynyň öň ýanynda olaryň armasyny ýetirmek bilen, öňdebaryjylara gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurdyk. Şeýle sylaga mynasyp bolanlaryň arasynda hünärmen Gadam Ýagmurow, VI derejeli kebşirleýji Mekan Baýramow, VI derejeli gurnaýjy Nurmyrat Aýtmuradow we beýlekiler bar. Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen dabarada gurluşykçylar ýurdumyzy bedew bady bilen ösdürýän, ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize joşgunly kalplarynyň töründen syzylyp çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Arzygül SÄTKLYJOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Darganata etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar