Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

24 Dekabr 2023
717

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 28 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Türkiýeden hem-de Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, dizel ýangyjyny, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümler satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 18 million 114 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB
Beýleki habarlar