«Nike» çykdajylaryny 2 milliard amerikan dollaryna çenli azaldar

24 Dekabr 2023
484

Ýakyn 3 ýylyň dowamynda «Nike» kompaniýasy çykdajylaryny 2 milliard amerikan dollaryna çenli azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Bu habaryň yzysüre kompaniýanyň paýnamalary, takmynan, 12 göterim pese düşdi.

«Nike» golaý 3 ýylyň dowamynda önümleriniň satylyşynyň pese düşjegini çaklap, çykdajylaryny azaltmagyň aladasyny edýär. Seljerijiler 2023-nji ýylyň jemleri boýunça kompaniýanyň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 1 göterim köp bolar öýdüp çaklaýarlar. Geçen ýyl bolsa kompaniýa 5 göterim töweregi ösüş gazanypdy.

Taýýarlan: Merjen Haşaýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar