Ülkämiň toý saçagynda

21 Dekabr 2023
662

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde üstünliklere, şan-şöhrata beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljak 2023-nji ýylyň şatlyk-şowhuny halkymyzyň uludan-kiçä hemmesiniň kalbyny heýjana salýar. Dürli zerler, owadan şarlar, ýalpyldaýan oýnawaçlar bilen boýdan-başa bezelen arçalaryň daşy döwre gurap aýdym aýdyp, tans edýän çagajyklaryň şadyýan gülküsine gurşalypdyr.

Gijelerine dürli öwüşgin bilen ýanýan çyralar ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzyň, şöhraty älem aýlanan «akylly» hem hemmetaraplaýyn amatly, ajaýyp Arkadag şäheriniň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň görküne görk goşup, halkymyzyň kalbynda şatlyk duýgularyny joşdurýar.

Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».
Beýleki habarlar