Ýyllyk meýilnama möhletinden öň berjaý edildi

25 Dekabr 2023
629

Müdirligimiz boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly üstünlikli jemlenilýär. Baýlyk çykaryjylarymyz tutanýerli we maksada okgunly zähmet çekmek arkaly ýyllyk meýilnamany möhletinden bir aý öň berjaý etdiler. Şanly ýylda arzyly sepgide abraý bilen ýetilende «mawy ýangyjyň» 9 milliard 875 million 120 müň kub metri gazylyp alyndy. Guýularyň önüm berijiligini artdyrmagyň, işleri ýokary sazlaşykly guramagyň hasabyna her gije-gündizde tebigy gazyň, ortaça, 30,5 million kub metri öndürilýär. Şonuň netijesinde şu döwre çenli gymmatly harytlyk önümiň 10 milliard 667 million kub metrden gowragy öndürildi. Bu bolsa biziň ýetip gelýän ajaýyp Täze ýyl baýramyna mynasyp zähmet sowgadymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmäge çynlakaý üns berýär, pudagyň önümçilik-tehniki binýadyny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşýan zähmet gahrymanlarymyzyň sylagy hem ýetirilýär. Beýik senäniň ― Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň köpsanly raýatlarynyň hatarynda müdirligimiziň enjamlary bejeriji ussasy Niýazmyrat Amansähetow we Malaý-Çartak sehiniň tehnologiki gurluşlarynyň operatory Hudaýberen Allamyradow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldylar. Müdirligimizde döşleri döwlet sylagly hünärmenlerimiz az däl. Olaryň gowy göreldesine eýerýänleriň sany bolsa barha artýar. Baýlyk çykaryjylarymyz özleri hakynda edilýän üns-aladany ýakyndan duýmak bilen, joşgunly zähmet çekýärler.

Serdar KURBANKULYÝEW,
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar