Milli ykdysadyýetiň ösüşli menzilleri

26 Dekabr 2023
618

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti täze ugurlar boýunça ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki kärhanalary döretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Senagat taýdan ösüş ýoluna eýerýän Garaşsyz Watanymyz ýokary ykdysady ösüşini, serişde kuwwatyny halkara sergilerde üstünlikli görkezip, ählumumy dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna okgunly goşulyşýar. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalardyr dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» bu babatda uly ähmiýete eýedir. Bu resminama dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň özleşdirilmegine, içerki we daşarky bazarlarda ýerli harytlaryň, hyzmatlaryň ilerledilmegine gönükdirilendir. Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlere işjeň gatnaşýar. Soňky ýyllarda ýurdumyz Şanhaýda, Milanda, Astanada, Dubaýda geçirilen sergilerde mynasyp wekilçilik etdi.

Nursoltan RAHMANOWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar