Türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlady

25 Dekabr 2023
519

2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 970,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, şu ýylyň 11 aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 92,4 million dollar köpeldi. Has takygy, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýylyň 11 aýynda 761,2 millon amerikan dollara, 2022-nji ýylyň 11 aýynda bolsa 877,5 million amerikan dollara barabar bolupdy.

Beýleki habarlar