«Bloomberg» dünýäniň iň gowy girdejili paýnamalaryny mälim etdi

24 Dekabr 2023
460

«Koreýa Respublikasynyň katod öndüriji «EcoPro» kompaniýasy dünýäniň «Bloomberg» indeksli (2647 gatnaşyjyly) ähli kompaniýalardan öňe geçip, 2023-nji ýylyň başyndan bäri 571 göterim ösüş gazandy» diýip, «Bloomberg» neşiri ýazýar. Kompaniýanyň gymmatly kagyzlarynyň girdejisi sanawda ikinji orunda duran «Kum Yang» kompaniýasyndan 200 göterim ýokarydyr. «Kum Yang» hem koreý kompaniýasy bolup, ol elektroulaglaryň akkumulýatorlary üçin goşundylary öndürýär.

Paýnamalaryň bahasynyň ýokarlanmagyna bölekleýin bolsa-da, ýylyň başyndan bäri elektroulaglaryň akkumulýatorlaryna bildirilýän islegiň artmagy täsir etdi. Käbir bilermenleriň akkumulýatorlara bolan islegiň azalandygy barada beren çaklamalaryna garamazdan, kompaniýanyň girdejisi dowamly artdy.

Taýýarlan: Jeride Hajymämmedowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar