Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde himiýa ylmynyň we tehnologiýalaryň orny

25 Dekabr 2023
508

Soňky ýyllarda ýurdumyzda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid», Garlyk dag-magdan toplumy ýaly mineral dökünlerini öndürýän birnäçe kärhanalaryň gurulmagy diňe bir içerki bazaryň mineral dökünlere bolan islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazaryna hem çykarylmagyna şert döretdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary tarapyndan ýurdumyzyň uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallarynyň çeşmelerini, gorlaryny anyklamakda, olaryň himiki düzümlerini, fiziki-himiki häsiýetlerini kesgitlemekde hem-de olardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň innowasiýa tehnologiýalaryny işläp düzmekde, olary önümçilige ornaşdyrmakda dünýä ylmynyň gazanan iň häzirki zaman enjamlary oturdylan barlaghanalarda dürli ugurly düýpli ylmy-barlaglar alnyp barylýar. Ylmy barlaglaryň netijeleri hojalyk şertnamalaryny baglaşmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrylýar.

Döwlet GURBANNAZAROW,
TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Beýleki habarlar