"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gazçylaryň gyş aladalary

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary häzirki gyş günlerinde etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Etrapda dürli basyşly gaz geçirijileri we gaz paýlaýjy hem-de sazlaýjy enjamlary düýpli abatlap, gyşa taýýarlamakda edaranyň gazçylary bilen birlikde, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň işgärleriniň hem saldamly paýynyň bolandygyny «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Aman Welniýazow buýsanç bilen aýdýar. A.Welniýazowyň gürrüňlerine görä, edaranyň gazçylary tarapyndan gaz desgalaryny düýpli abatlap, olaryň bökdençsiz işlemegini gazanmakda edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň ussasy Gurbangeldi Rejepowyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan abatlaýjy slesarlar Hudaýberdi Hanow, Arslan Dädebaýew, Haýtgeldi Ataýew, Myrat Çaryýew, elektrik we gaz bilen kebşirleýjiler Serdar Arçaýew hem-de Begenç Hekimow dagy agzybirlikde zähmet çekmek bilen, bu möhüm wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gazanypdyrlar. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalarynyň saz işlemegine gönükdirilen işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, hereket edýän bitewi gaz ulg

Elektroenergetika pudagy ösüş ýolunda

Häzirki wagtda elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ulgamyň ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagyny ösdürmek Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Elektrik energetika pudagynyň ösüşi elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz şerti bolan energiýa serişdeleriniň ygtybarly, durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygy we durnuklylygy hakynda kabul eden Kararnamalary aýdyň tassyklaýar. Şeýle hem Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz döwrüň derwaýys meseleleriniň oňyn çözgüdine mynasyp goşandyny goşýan iri döwletara taslamalary durm

Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi

​«China Aviation Industry General Aircraft»kompaniýasy Çžeszýan welaýatynda HHR-de ilkinji gezek AG60E elektrouçarynyň barlag uçaryny amala aşyrdy. Bu barada «Xinhua» agentligine salgylanyp, TASS habar berýär. ​Uçar bir hereketlendirijili AG60 howa ulagynyň modifisirlenen görnüşine eýedir. Onuň uzynlygy 6,9 metr bolup, ganatlarynyň ýaýylyş gerimi 8,6 metre barabardyr. Elektrik uçarynyň iň ýokary tizligi sagatda 185 kilometre ýetýär.

Ýanwar-noýabr 2023: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 73% ýokarlandy

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73 göterim ýa-da 311,8 million ABŞ dollary möçberinde ýokarlandy.   Azerbaýjanyň APA agentliginiň ýekşenbe güni habar bermegine görä, geçen ýylyň 11 aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 738 million 966 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri we beýlekiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerine bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid ýerlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Türkiýeden hem-de Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, dizel ýangyjyny, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümler satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 51 million 329 müň 430 amerikan dollaryna deň boldy.

Halkara maliýe bazarynda transmilli banklaryň orny

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). «The Banker» guramasynyň geçiren seljermesine görä, dünýäniň iň uly banky Hytaýyň Senagat we täjirçilik bankydyr (ICBC). Bu bank Hytaýyň bank gurşawynyň bäşden bir bölegine gözegçilik edýär. Soňky maglumatlar boýunça bankyň ähli aktiwleri 432,2 milliard amerikan dollar bolup, bazar kapitalizasiýasy bolsa 242 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Ýagny bu bank dünýäde iň baý bank hasaplanylýar. 1984-nji ýylda döredilen bankyň häzirki wagtda 450 müňe golaý işgäri bar. Bankyň esasy maýasynyň 70 göterimi döwletiň eýeçiliginde. Hytaýyň Oba hojalyk banky (Agricultural Bank of China) 2019-njy ýylda aktiwleri boýunça dünýäde «Forbes Global 2000» sanawynda 4-nji, arassa peýda boýunça 7-nji, alan arassa girdejisi boýunça 34-nji we bazar ykdysadyýeti boýunça 40-njy orny eýeledi. Bu TMB-iň iň uly paýdarlary Huijin (40,03%) döwlet kompaniýasy we HHR-iň Maliýe ministrligidir (39,21%).

Dünýäniň okgunly ösýän ykdysadyýeti

Gresiýanyň maliýe çökgünliginden çykmagy hem-de 2022-nji ýylda 5,9 göterim ykdysady ösüş depgini bilen pandemiýanyň ýaramaz täsirinden «doly silkinmegi» ýurduň ykdysady taryhynyň üstünlikli wakasy boldy. 2022-2023-nji ýyllarda halkara syýahatçylygyň ösmegi Gresiýanyň ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki 2023-nji ýylda ýurduň hökümeti diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen arasyndaky howa gatnawlarynyň sanyny hepdede 63-e çenli ýokarlandyrdy. «Delta Air Lines» kompaniýasy 2023-nji ýylda ilkinji gezek Boston — Afiny aralygynda göni uçuşy amala aşyryp başlady. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn syýahatçylygyň akymyny artdyrmak maksady bilen, ABŞ-nyň birnäçe gatnaw kompaniýalary öň bar bolan göni uçuşlaryň sanyny köpeltdiler we täze ugurlar boýunça gatnawlary ýola goýdular. Şol bir wagtyň özünde-de, Gresiýada daşary ýurt maýa goýujylar, hususan-da, amerikan kompaniýalary tarapyndan goýulýan maýalaryň depginli ösüşi hasaba alyndy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary «Applied Materials», «AWS», «Cisco», «Digital Reality», «Google», «J.P.Morgan», «Meta», «Microsoft», «Pfizer» ýaly meşhur kompaniýalarynyň maýalary bilen Gresiýadaky 8-nji göni maýa goýujy ýurt boldy. Gönükdirilen maýa goýumlaryň netijesinde ýurtda iş mümkinçilikleri köpeldi, işsizligiň derejesi bolsa ep-esli peseldi. 2023-nji ýylyň oňyn ykdysady görkezijileriniň netijesinde Gresiýa «The Economist» neşiri tarapyndan

Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhedinde ýerleşýän «Garabogaz» gümrük nokadynyň durky täzelener

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi başlanýar. Şu karar bilen, bu gümrük nokady üçin awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamy hem satyn alnar we gurnalar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berdi. «Garabogaz» gümrük nokady Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen araçäkleşýän serhedinde ýerleşýär. Gümrük statistikasynyň görkezýän maglumatlaryna görä, soňky döwürde bu nokadyň üsti bilen geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň sany birsyhly artýar.

Täze gözýetimler nazarlanýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz gurýan, döredýän kuwwatly döwlet hökmünde iri taslamalary durmuşa geçirmäge, hususan-da, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyz bu möhüm ugry ösdürmek arkaly, diňe bir ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, birnäçe dostlukly döwletlere-de elektrik energiýasyny eksport edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen elektroenergetikasyny has-da kuwwatlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe möhüm işlere, taryhy wakalara beslendi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagy pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine berilýän möhüm ähmiýetiň ýene-de bir ýüze çykmasydyr. Ýakyn geljekde 2 müň talybyň bilim almagy üçin niýetlenen täze binalar toplumynyň we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bu ugurda täze mümkinçilikleri açar.

Binalara ömür berýän önüm

Binagärlik, gurluşyk işinde giňden ulanylýan sementiň önümçiligi ýurdumyzda mydama üns merkezinde saklanýar. Öň diňe Kelete we Balkan sement zawodlary bolan bolsa, 2013-nji ýylyň fewral aýyndan önüm öndürip başlan Lebap sement zawody olaryň üstüni ýetirdi. Her ýylda bir million tonna sement öndürmäge niýetlenen bu kärhana öz meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip gelýär. Hil derejesi babatda daşary ýurtlaryňkydan pes bolmadyk bu önüm eksport hem edilýär. Tamamlanan ýylda 107 müň 482 tonnadan agdyk sement Özbegistana ugradyldy. Goňşy ýurtdan gelen wekil bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol lebap sementiniň hiliniň ýokarydygyny, bahasynyň amatlydygyny aýtdy.

Gaz akymy alyndy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň zähmetsöýer gazçylary geçen ýylyň bütin dowamynda, gije bilen gündize parh goýmazdan, gözlegli hem-de döredijilikli işleri alyp baryp, önjeýli zähmet çekdiler. Olar Mary welaýatynyň çäginde bar bolan gazly ýataklarda iş geçirip, ýylyň dowamynda ulanyş, baha beriş guýularynyň birnäçesinden täze gaz akymyny almagy başardylar hem-de tamamlanan 2023-nji ýyly zähmet üstünliklerine beslediler. Gaýratly gazçylar Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde bolsa «Ýylan» gaz känindäki 02 belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli täze gaz akymyny aldylar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak babatda öňde goýýan möhüm wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge müdirligiň gaýratly gazçylarynyň mynasyp goşant goşýandygyny tassyklaýar. Täze gaz akymynyň alynmagy Täze ýyl baýramçylygyna ajaýyp zähmet sowgady boldy. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary şu ulanyş, baha beriş gaz guýusynda tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini 2875 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de baý iş tejribesi arkaly, agzalan guýudan 2856 — 2852 metr çuňlukdaky aralykdan deşik-deşme işlerini geçirip, tebigy gazyň senagat taýdan

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Köpugurly ulag düzümi döredilýär

Ýurdumyzda köpugurly ulag düzümini döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup duryar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan şu ulgamda öňe sürülýän giň gerimli taslamalar dünýä ýüzünde ykrar edilýär hem-de döwletimiziň bütindünýä ulag-logistika ulgamyna netijeli goşulyşmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda ählumumy durnukly ösüşiň ulag we aragatnaşyk ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek örän wajyp wezipe bolup durýar. Berkarar Watanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy, dialogy ilerletmek, ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen bagly köptaraplaýyn bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Zähmet üstünliklerine beslendi

Welaýatymyzda ýokary zähmet görkezijileri bilen üstünliklere beslenýän kärhanalaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi aýratyn tapawutlanýar. Has takygy, müdirlikde geçen ýylyň dowamynda magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 600 müň 717 kub metri öndürilip, bellenilen meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Maliýe görkezijileri boýunça degişli döwürde 16 million 095 müň 285 manatlyk iş ýerine ýetirilip, meýilnama 102,5 göterim amala aşyryldy. Bu ýerde, esasan-da, 5-20 millimetr ululykdaky çagyl daşlary, üwelen we ýuwlan ownuk çagyl daşlary taýýarlanylýar. Geçen döwürde müdirligiň işgärleri tarapyndan çagyl daşynyň 224 müň 460 kub metri, ýuwlan çägäniň 294 müň 130 kub metri, but daşynyň 82 müň 130 kub metri öndürildi.

Ösüşlerimiz bedew batly

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, müşderilere hödürlenýän bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky özüniň uly bolmadyk taryhy ýolunda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak ugrunda ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýar. Ýuridik we fiziki taraplary ýeňillikli şertlerde karz serişdeleri bilen üpjün etmeklige bankymyz işjeň gatnaşyp gelýär. Karz serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilatymyzyň we daşary ýurt raýatlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen gurlan döwrebap kottejler toplumyny, oýun attraksionly seýilgähi agzamak bolar. Garaşsyz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmeklige hem-de bu pudakda täze önümçilik kärhanalaryny emele getirmeklige uly üns berilýär. Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi, Infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän derman senagaty kärhanalary guruldy.

Gazçylaryň mekanynda

BURAWLAÝJYLARYMYZ HAKDA ALADA Galkynyşly döwrümizde ýurdumyzyň gaz senagatynyň ösdürilmeginde uly işleriň bady artyp, şol tagallalarda burawlaýjylarymyzyň saldamly goşantlary tebigy gazyň akymynyň ýylsaýyn ýokarlanmagyna ýardam edýär. Müdirligimiziň sürüjileri medeni zolakdan uzaklardaky gaz ýataklarynda burawlaýyş işlerini alyp barýan burawlaýjylara hyzmat edýärler. Olara dürli maksatly ýükleri öz wagtynda ýetirmekde, burawlaýjylary iş ýerlerine gatnatmakda tutanýerli zähmet çekýärler. Işgärlerimiziň ýeňil bolmadyk iş şertleri olar hakda hemişe aladalanmaga borçly edýär.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

ENERGETIKA PUDAGYNYŇ AÝDYŇ ÝOLY Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän ykdysady syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hasabyna döwrebaplaşdyrmakda tutumly işleriň bady artýar. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna uly üns berlip, bu mesele bilen bagly netijeli tagallalar edilýär. Önümçiligiň kämil tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassa, ykdysady tarapdan tygşytly önümçilik kuwwatlyklarynyň ornaşdyrylmagynyň bähbitliligine ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda bitirilýän işleriň mysalynda göz ýetirmek bolýar.

Barha kuwwatlanýan pudak

Milli ykdysadyýetimiziň köptaraply ösüşini üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmekde elektroenergetika pudagynyň möhüm orny eýeleýändigi gazanylýan üstünliklerde ähli aýdyňlygy bilen görünýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan ýokary götermekde kesgitlenen uzak möhletleýin tutumlaryň rowaçlygynda, halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak babatda öňde durýan anyk wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde elektroenergetika pudagynyň möhümligi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şeýle hakykatdan ugur alnyp, berkarar Diýarymyzyň sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň sekizisiniň 2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berlendigi aýratyn guwandyryjydyr. Bu döwürde dürli güýjenmeli täze elektrik geçiriji ulgamlar çekilip, bar bolanlarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmakda nusgalyk öňegidişlikler gazanyldy. Bu bolsa, öz nobatynda, pudagyň öndürijilik kuwwatynyň düýpli ýokarlanmagynyň binýadyny pugtalandyrdy. Ata Watanymyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de okgunly goşulyşmagynda hem-de bu babatda ynamdar hyzmatdaş hökmündäki mynasyp ornuny has-da berkitmeginde amatly şertleri döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman

Beýik ösüşleriň şuglasy

Täze — 2024-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdyk. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz uly ösüşleriň, şanly wakalaryň ýyly bolar. Ýakymly arzuwlar bolsa döredijilikli işlemäge, ýaş nesle ylym-bilim öwretmäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny garşy alarys. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanandygy buýsandyryjydyr.