Binalara ömür berýän önüm

4 Ýanwar 2024
572

Binagärlik, gurluşyk işinde giňden ulanylýan sementiň önümçiligi ýurdumyzda mydama üns merkezinde saklanýar. Öň diňe Kelete we Balkan sement zawodlary bolan bolsa, 2013-nji ýylyň fewral aýyndan önüm öndürip başlan Lebap sement zawody olaryň üstüni ýetirdi. Her ýylda bir million tonna sement öndürmäge niýetlenen bu kärhana öz meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip gelýär.

Hil derejesi babatda daşary ýurtlaryňkydan pes bolmadyk bu önüm eksport hem edilýär. Tamamlanan ýylda 107 müň 482 tonnadan agdyk sement Özbegistana ugradyldy. Goňşy ýurtdan gelen wekil bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol lebap sementiniň hiliniň ýokarydygyny, bahasynyň amatlydygyny aýtdy.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar