Gazçylaryň gyş aladalary

8 Ýanwar 2024
467

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary häzirki gyş günlerinde etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Etrapda dürli basyşly gaz geçirijileri we gaz paýlaýjy hem-de sazlaýjy enjamlary düýpli abatlap, gyşa taýýarlamakda edaranyň gazçylary bilen birlikde, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň işgärleriniň hem saldamly paýynyň bolandygyny «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Aman Welniýazow buýsanç bilen aýdýar.

A.Welniýazowyň gürrüňlerine görä, edaranyň gazçylary tarapyndan gaz desgalaryny düýpli abatlap, olaryň bökdençsiz işlemegini gazanmakda edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň ussasy Gurbangeldi Rejepowyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan abatlaýjy slesarlar Hudaýberdi Hanow, Arslan Dädebaýew, Haýtgeldi Ataýew, Myrat Çaryýew, elektrik we gaz bilen kebşirleýjiler Serdar Arçaýew hem-de Begenç Hekimow dagy agzybirlikde zähmet çekmek bilen, bu möhüm wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gazanypdyrlar. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalarynyň saz işlemegine gönükdirilen işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, hereket edýän bitewi gaz ulgamynyň geçirijilik mümkinçiligi ep-esli artdyrylypdyr. Munuň şeýledigine şol etrabyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Baýrammyrat Çopanow bilen söhbetdeş bolanymyzda hem has aýdyň göz ýetirdik.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar