Gaz akymy alyndy

4 Ýanwar 2024
542

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň zähmetsöýer gazçylary geçen ýylyň bütin dowamynda, gije bilen gündize parh goýmazdan, gözlegli hem-de döredijilikli işleri alyp baryp, önjeýli zähmet çekdiler. Olar Mary welaýatynyň çäginde bar bolan gazly ýataklarda iş geçirip, ýylyň dowamynda ulanyş, baha beriş guýularynyň birnäçesinden täze gaz akymyny almagy başardylar hem-de tamamlanan 2023-nji ýyly zähmet üstünliklerine beslediler. Gaýratly gazçylar Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde bolsa «Ýylan» gaz känindäki 02 belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli täze gaz akymyny aldylar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak babatda öňde goýýan möhüm wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge müdirligiň gaýratly gazçylarynyň mynasyp goşant goşýandygyny tassyklaýar. Täze gaz akymynyň alynmagy Täze ýyl baýramçylygyna ajaýyp zähmet sowgady boldy.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary şu ulanyş, baha beriş gaz guýusynda tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini 2875 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de baý iş tejribesi arkaly, agzalan guýudan 2856 — 2852 metr çuňlukdaky aralykdan deşik-deşme işlerini geçirip, tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli täze akymyny aldylar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, guýynyň her gije-gündizdäki gaz çykymy 821 müň kub metre barabardyr. Bu guwandyryjy zähmet üstünligi burawlaýjylaryň 2023-nji ýylyň dowamynda egin-egne berip, agzybirlikli çeken zähmetiniň miwesidir. Alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy bu ýatagyň «mawy ýangyjynyň» iň esasy aýratynlygydyr. Ol tebigy gazyň hili babatynda dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyny şertlendirýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar