Elektroenergetika pudagy ösüş ýolunda

8 Ýanwar 2024
486

Häzirki wagtda elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ulgamyň ähli düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagyny ösdürmek Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Elektrik energetika pudagynyň ösüşi elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz şerti bolan energiýa serişdeleriniň ygtybarly, durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygy we durnuklylygy hakynda kabul eden Kararnamalary aýdyň tassyklaýar. Şeýle hem Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz döwrüň derwaýys meseleleriniň oňyn çözgüdine mynasyp goşandyny goşýan iri döwletara taslamalary durmuşa geçirýär.

Babamyrat SEÝFULLAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar