Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhedinde ýerleşýän «Garabogaz» gümrük nokadynyň durky täzelener

4 Ýanwar 2024
455

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi başlanýar. Şu karar bilen, bu gümrük nokady üçin awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamy hem satyn alnar we gurnalar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berdi.

«Garabogaz» gümrük nokady Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen araçäkleşýän serhedinde ýerleşýär. Gümrük statistikasynyň görkezýän maglumatlaryna görä, soňky döwürde bu nokadyň üsti bilen geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň sany birsyhly artýar.

Beýleki habarlar