Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

7 Ýanwar 2024
569

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Türkiýeden hem-de Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, dizel ýangyjyny, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümler satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 51 million 329 müň 430 amerikan dollaryna deň boldy.

TDHÇMB.
Beýleki habarlar