Dünýäniň okgunly ösýän ykdysadyýeti

7 Ýanwar 2024
519

Gresiýanyň maliýe çökgünliginden çykmagy hem-de 2022-nji ýylda 5,9 göterim ykdysady ösüş depgini bilen pandemiýanyň ýaramaz täsirinden «doly silkinmegi» ýurduň ykdysady taryhynyň üstünlikli wakasy boldy. 2022-2023-nji ýyllarda halkara syýahatçylygyň ösmegi Gresiýanyň ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki 2023-nji ýylda ýurduň hökümeti diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen arasyndaky howa gatnawlarynyň sanyny hepdede 63-e çenli ýokarlandyrdy. «Delta Air Lines» kompaniýasy 2023-nji ýylda ilkinji gezek Boston — Afiny aralygynda göni uçuşy amala aşyryp başlady. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn syýahatçylygyň akymyny artdyrmak maksady bilen, ABŞ-nyň birnäçe gatnaw kompaniýalary öň bar bolan göni uçuşlaryň sanyny köpeltdiler we täze ugurlar boýunça gatnawlary ýola goýdular. Şol bir wagtyň özünde-de, Gresiýada daşary ýurt maýa goýujylar, hususan-da, amerikan kompaniýalary tarapyndan goýulýan maýalaryň depginli ösüşi hasaba alyndy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary «Applied Materials», «AWS», «Cisco», «Digital Reality», «Google», «J.P.Morgan», «Meta», «Microsoft», «Pfizer» ýaly meşhur kompaniýalarynyň maýalary bilen Gresiýadaky 8-nji göni maýa goýujy ýurt boldy. Gönükdirilen maýa goýumlaryň netijesinde ýurtda iş mümkinçilikleri köpeldi, işsizligiň derejesi bolsa ep-esli peseldi.

2023-nji ýylyň oňyn ykdysady görkezijileriniň netijesinde Gresiýa «The Economist» neşiri tarapyndan «Dünýäniň iň üstünliklikli ykdysadyýeti» diýlip yglan edildi. Bilermenler ýokary derejeli ykrarnamany ýurtlaryň ykdysadyýetindäki bäş görkeziji: hümmetsizlenme, iş üpjünçiligi, jemi içerki önüm, iş orunlary, birža söwdalary boýunça kesgitlediler. Neşiriň ýazmagyna görä, Gresiýanyň bassyr 2-nji gezek «dünýäniň iň üstünlikli ykdysadyýeti» adyna mynasyp bolmagyna ýene bir oňyn waka — grek biržasynyň gymmatynyň 40 göterim ýokarlanmagy ýardam berdi. Muňa garamazdan, bilermenler häzirki wagtda ýurduň «2010-njy ýyllaryň başlaryndakydan has garypdygyny» aýdýarlar. Bilermenleriň gürrüňini edýän 2010-njy ýyllarynda ýurduň hökümeti maddy kemçilikleri aradan aýyrmak maksady bilen, Ýewropa Bileleşiginden 3 sany ykdysady kömek bukjasyny aldy. 2010 — 2015-nji ýyllar aralygynda alnan goldaw bukjalarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýeti 25 göterime çenli pese gaçdy — pensiýalar azaldyldy, salgytlar köpeldi. Ýöne 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gresiýa 3-nji daşarky makro-maliýe kömek maksatnamasyny üstünlikli tamamlap, karz berijileriň «berk daşarky dolandyryş ulgamyndan» çykmagy başardy.

Internet maglumatlary esasynda sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar