Ösüşlerimiz bedew batly

3 Ýanwar 2024
538

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, müşderilere hödürlenýän bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky özüniň uly bolmadyk taryhy ýolunda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak ugrunda ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýar. Ýuridik we fiziki taraplary ýeňillikli şertlerde karz serişdeleri bilen üpjün etmeklige bankymyz işjeň gatnaşyp gelýär. Karz serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilatymyzyň we daşary ýurt raýatlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen gurlan döwrebap kottejler toplumyny, oýun attraksionly seýilgähi agzamak bolar.

Garaşsyz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmeklige hem-de bu pudakda täze önümçilik kärhanalaryny emele getirmeklige uly üns berilýär. Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi, Infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän derman senagaty kärhanalary guruldy.

Batyr REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň baş derňewçisi.
Beýleki habarlar