"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durmuş ulgamynda sanly ykdysadyýetiň orny

Döwür ösýär, döwran täzelenýär. Asyr aýlanyp, ýyl çalyşýar. Bu özgerişler adam aňyna, ýaşaýyş-durmuşyna hem öz oňaýly täsirini ýetirýär. Netijede, jemgyýet hem täzeçe galkynyşa eýe bolýar. Bu aýdylanlar biziň ýurdumyz babatda hem hut şeýle. Bolup geçýän her bir özgertmäniň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň güllemegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollaryndan nusga almak öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Sanly ykdysadyýete, başgaça «elektron ykdysadyýet» hem diýip bolar. Onuň esasy aýratynlygy, ykdysady işiň sanly tehnologiýalara daýanyp ýerine ýetirilmegindedir. Bu ýagdaý ykdysady özgertmäniň netijesinde, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna, dünýägaraýyşlaryny kämilleşdirmeklerine düýpli derejede täsirini ýetirýär. Ýene bir tarapdan, sanly ykdysadyýetiň ösmegi täze durmuş hakykatynyň ýüze çykandygyny görkezýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy serişdesi sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy, hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşinden tapawutlylykda, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, harytlaryň saklanyşynyň hem ýerleşişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçi

Sargydy robot getirip berýär

Azyk önümlerini robotlaryň kömegi bilen eltip bermek hyzmatyny şu günler Belgiýanyň Brýussel şäherindäki «Cаrrefour» söwda hyzmatlary kompaniýasy alyp barýar. Kompaniýa azyk we gök önümleriniň onlaýn sargytlary üçin özbaşdak hereket edip bilýän robotlary peýdalanýar. «Cаrrefour Belgium» bu ädimi Ýewropada ilkinji bolup ätdi. Munuň üçin «Delivers.ai» robotlary ulanylýar. Synag möwriti şu ýylyň baharynyň ahyrky günlerine çenli dowam eder. Synaglaryň netijesinde 9 müňe golaý adama öz wagtynda hyzmat etmek göz öňünde tutulýar.

Sanly bilim ulgamynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň orny

Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň möçberli döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmekde, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmakda işler yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda işjeňligi barha giňişleýin häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetimiziň milli, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesi raýatlaryň döwrebap bilim almagynyň häzirki zaman şertleriniň döredilmegini, şol sanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini talap edýär. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ös

«Akylly» şäher: geljegiň gözýetimi

Ajaýyp zamanamyzyň her bir güni ösüş-özgerişlere, buýsançly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän asylly işleri halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Sebitde ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanylyp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bina edilýän Arkadag şäheri hem bu hakykatyň aýdyň nyşanydyr. Düşünjäniň mazmuny barada

Internet söwdasy

Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi maliýe-bank ulgamyny ösdürmegiň hem möhüm ugurlarynyň biridir. Täze innowasion çözgütleriň netijeli ulanylmagy müşderileriň we bazara gatnaşyjylaryň özara gatnaşyklarynyň derejesini hem-de hilini ýokarlandyrýar, hyzmatlary kämilleşdirmek, görnüşlerini giňeltmek arkaly bu ulgamy özgertmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde sanly ulgama geçmek babatynda söwda ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda internet söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar.  Dünýäniň bölek we lomaý söwdasynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy täze, geljegi uly işewürlik nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda hem bu ugurda sanly ulgama geçmegiň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi sarp edijileriň köpüsiniň sanly tehnologiýalara gyzyklanmasynyň artýandygy bilen şertlendirilendir. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bazarda üstünlikli bäsleşmek üçin öňdebaryjy sanly tehnologiýa çözgütlerini ulanmak bilen, bazar gatnaşyklarynyň täze gurallaryny ornaşdyrmak wajypdyr.

QR-kod — döwrebap elektron töleg hyzmaty

Sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň geriminiň giňemegi, bankyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, müşderi-bank gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem amatly şertleri döredýär. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan sanly bank hyzmatlaryna mysal hökmünde internet-bank, mobil-bank, galtaşyksyz töleg, QR-kod, elektron gapjyk ulgamlaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde dünýäde QR-kodlary ulanmak has giňden ýaýrandyr. QR-kod iki ölçegli kod bolup, «dessin tassyklanýan kod» («Quick Response Code») diýlip atlandyrylýar. Onuň esasy aýratynlygy: dürli mobil programma üpjünçilikleri tarapyndan QR-koddaky maglumatlar çalt düşünilip we tanalyp bilner. Adaty bir ölçegli ştrih-koddan tapawutlylykda, köp mukdarda maglumatlary (7089 san ýa-da 4296 harp, san we ýörite nyşan) öz içine alyp bilýär.

Tehnologiýalar äleminde

Ykjam batareýa Ýel turbinalary we energiýa dolandyryş programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan Hytaýyň «Envision» tehnologiýa kompaniýasy elektroulaglar üçin ilkinji ykjam elektrik güýjüni beriji enjamy hödürledi. «Mochi» diýlip atlandyrylýan täze enjam elektroulaglara elektrik güýjüni bermekde ýeňillik döredýär. Batareýanyň kuwwaty 70 kWt-a deňdir. Munuň özi elektroulaga iki sagadyň dowamynda 600 kilometre çenli syýahat üçin ýeterlik elektrik güýjüni bermäge mümkinçilik berýär. «Mochi» 200 GWt-dan gowrak täzelenip bilýän energiýany birleşdirýän we dolandyrýan «Envision Groupyň» «EnOSTM» akylly düzüm ulgamyny ulanar. Ulgam enjamy elektrik toguna elýeterli edýär. «Mochi» bilen işleýän elektrik ulaglary ýolagçylara durnukly gezelenç hödürlemäge mümkinçilik berer. Olar sürüjilere awtoulag duralgasyny gözlemekden dyndarar, sebäbi indi elektrik güýjüni beriş nokatlary zerur bolmaýar.

Sanly bilim ulgamy durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil hem-de ýokary derejede bilim almaklaryny doly derejede üpjün edýär. Bilim we ylym ulgamlarynyň sazlaşykly ösmeginde ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyk derejede düýpli bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň döwrebap maglumat tehnologiýalaryny öz hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu babatda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Onuň durmuşa geçirilmegi, jemgyýetimiziň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän kanunlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap

SANLY ULGAMYŇ SANSYZ MÜMKINÇILIKLERI

Akyl-paýhas, ylym-bilim — her bir ýurduň öňegidişliginiň we kuwwatynyň iň esasy çeşmesi. XXI asyr, sözüň doly manysynda, ylym asyrydyr. Ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu gün ylym-bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk etdirilýär. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň, döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýar. Ýokary derejede alnyp barylýan döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Durmuşymyzy özgerdýän beýleki ugurlar bilen bir hatarda sanly tehnologiýalar hem bütin Ýer ýüzüniň ýaşaýjylary bilen birlikde, biziň hem durmuş ýörelgämizi düýpli özgerdýär. Biz indi gündelik durmuşymyzy kompýutersiz, smartfonsyz, durmuş elektronikasy bolmazdan göz öňüne getirip bilmeýäris.

Türkmenistanda domenler üçin onlaýn töleg hyzmaty açyldy

Domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň tölegini «Türkmendomen» hojalyk jemgyýetiniň resmi portalyndan «Halkbank» PTB, «Senagat» PTB, «Rysgal» PTB, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň kartlary arkaly tölemek mümkinçiligi işe girizildi. Bu barada hojalyk jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berildi. Tölegi geçirmek örän ýeňil bolup, munuň üçin birnäçe ýönekeý amallar ýerine ýetirilýär:

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda kabul edilen 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ylym-bilim ulgamynda hem, täzeçe maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu bab

Ýaşlar — döredijiligiň düri

Döwrümiziň innowasiýalaryny özleşdirip, olary durmuş zerurlygynda peýdalanyp bilýän ýaşlarymyz şu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary bilen, ähli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny barha çuňlaşdyrýarlar, ylmy işleriniň örüsini giňeldýärler. Täzelikleriň gözleginde bolup, oýlap tapan täze işlerini halk köpçüligine aýan edýärler. Olar tehnologiýa babatda döwrüň ýyldyrym çaltlygynda öňe ilerlemesi bilen deň gadam urup, gündelik ösüşleriň içinde gaýnap joşýarlar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda saldamly goşant goşýan islendik ugruny alanymyzda hem onda ýaşlaryň mynasyp paýlarynyň bardygyny gördügiňçe guwanýarsyň. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda ýer bilen iş salyşýan daýhanlaryň daýanjy hasaplanýan döwrebap tehnikalar göz açyp-ýumasy salymda ýeriňi sürübem berýär, ekişem geçirýär, hasylyňam ýygyp berýär. Eýsem, beýle tizlik, elýeterlilik, amatlylyk, wagt ýitirmezlik işiň bitdigi, maksatlaryň bökdençsiz myradyna gowuşdygy dälmi?!

Sanly bilim — döwrüň talaby

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanyp, sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny has-da ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda strategik ähmiýetli resminamadyr. Onuň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly degişli ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr.

Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagy ösüş ýolunda

Ýagşy niýetler, uly arzuw umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly atly ajaýyp şygary ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanylyp, bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar.

«Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy

2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda işe girizilen «Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlaryna indi bir ýyl boldy. Taksi sargyt etmek we şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň hereketlerini yzarlamak hyzmatlarynyň ykjam goşundylary bu gysga döwrüň içinde türkmen paýtagtyndaky internet ulanyjylaryň iň köp peýdalanýan programmalaryna öwrüldi. Bu günki günde «Onlaýn taksi» ykjam goşundysynyň hyzmatyndan ortaça 25 müňden gowrak adam peýdalanýar. Onlaýn hyzmatyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu hyzmatyň işlän ilkinji ýylynda «Hyundai» kysymly awtoulaglar Aşgabadyň çäginde 500 müňden gowrak ýolagçyny daşadylar.

Ýolagçy otlularyna elektron biletleri onlaýn resmileşdirmegiň tertibi tassyklandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda çykaran buýrugy esasynda Ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly (onlaýn) resmileşdirmegiň Tertibi tassyklandy. Oňa laýyklykda, ýolagçylar gatnawdaky ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly ýa-da bilet satýan terminallarda, şeýle hem zerur bolan halatlarda ýolagçylara hyzmat edilmegi üçin açyk bolan demir ýol beketlerinde alyp bilerler. Ýolagçy «Android» smartfonynda «Play Market-den» ýa-da «iPhone» smartfonlarynda «AppStore» programma üpjünçiligine birikdirilen «Turkmenistan Railways» programma üpjünçiliginden özüne amatly senede we wagtda gatnawdaky ýolagçy otlularyna gidiş we gaýdyş elektron biletleri satyn alyp biler.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga oňyn ýardam edýär. Mobil ulgamlarynyň täze nesli, öňki nesillere garanyňda, has peýdalydyr. Alyp görsek, geçen sanlyja ýyllarda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň 2G, 3G, 4G görnüşleri uly üstünliklere eýe boldy. Indi bolsa täze 5G görnüşde hem giňişleýin maglumatlary alyp bolýar.

Tehnologiýalar äleminde

Eko tigir «London South Bank» uniwersitetiniň dizaýn bölüminiň talyby Kristen Tapping welosiped sürülýän wagty howany arassalaýan enjamy ýasady. 2020-nji ýylyň güýzünde bolsa ol öz oýlap tapyşy üçin plastmassa pudagynda innowasiýa çözgütleri üçin berilýän Design Innovasion in Plastics (DIP) sylagyny aldy. «Rolloe» diýlip atlandyrylýan bu enjam süzgüçler ulgamyndan durýar. Ol welosipediň tigiri arkaly herekete getirilýär. Enjam öz işiniň dowamynda hapalanan howany alýar we dört gat süzgüçden geçirip, arassa howany goýberýär. Öndürijiniň aýtmagyna görä, diňe bir enjamyň özi 26,7 müň kub metr howany arassalamaga ukyplydyr. «Rolloe» süzgüçlerini ýuwmak we ýene-de täzeden ulanmak mümkindir. Enjamyň ýene-de bir aýratynlygy, ähli bölekleriniň gaýtadan işlenen serişdelerden ýasalanlygydyr.

«Google Translate» indi türkmen dilini oflaýn ýagdaýda hem goldaýar

«Google» iOS we Android operasiýa ulgamlary bolan enjamlar üçin niýetlenen «Google Translate» programmasyny kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa türkmen we ýene 32 täze diliň oflaýn terjimesini goldaýan mümkinçilik bilen ulanyjylaryny begendirdi. iOS we Android üçin «Google Translate» programmasy hatda internete birikmesiz hem tekstleri terjime etmek üçin dil bukjalaryny göçürip almaga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik, esasan hem, syýasata giden wagtyňyz ýerli SIM kartany satyn almazlyk we Wi-Fi-a bil baglanmazlyk kararyna gelen wagtyňyz kömek eder.

Akmaýanyň ýoluna meňzeş galaktikalar

ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Çiliniň barlag geçirijileri Akmaýanyň ýoluna meňzeş galaktikalary gözleýän «Sloan Digital Sky Survey»-iň düzen 10000 galaktikaly katalogynyň üstünde işlediler. Alymlar sanawyň ululygyny kiçeltmek üçin diňe Akmaýanyň ýoluna meňzeş umumy massasy bolan galaktikalary goýdular. Netijede, olar biziň galaktikamyza meňzeýän 138 galaktikany saýladylar. Soňra olar galaktikalarda nähili ýol bilen ýyldyzlaryň emele gelendigini anyklamak üçin barlag işini geçirdiler.