«Google Translate» indi türkmen dilini oflaýn ýagdaýda hem goldaýar

31 Ýanwar 2023
752

«Google» iOS we Android operasiýa ulgamlary bolan enjamlar üçin niýetlenen «Google Translate» programmasyny kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa türkmen we ýene 32 täze diliň oflaýn terjimesini goldaýan mümkinçilik bilen ulanyjylaryny begendirdi.

iOS we Android üçin «Google Translate» programmasy hatda internete birikmesiz hem tekstleri terjime etmek üçin dil bukjalaryny göçürip almaga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik, esasan hem, syýasata giden wagtyňyz ýerli SIM kartany satyn almazlyk we Wi-Fi-a bil baglanmazlyk kararyna gelen wagtyňyz kömek eder.

Beýleki habarlar