Sargydy robot getirip berýär

21 Fewral 2023
791

Azyk önümlerini robotlaryň kömegi bilen eltip bermek hyzmatyny şu günler Belgiýanyň Brýussel şäherindäki «Cаrrefour» söwda hyzmatlary kompaniýasy alyp barýar. Kompaniýa azyk we gök önümleriniň onlaýn sargytlary üçin özbaşdak hereket edip bilýän robotlary peýdalanýar.

«Cаrrefour Belgium» bu ädimi Ýewropada ilkinji bolup ätdi. Munuň üçin «Delivers.ai» robotlary ulanylýar. Synag möwriti şu ýylyň baharynyň ahyrky günlerine çenli dowam eder. Synaglaryň netijesinde 9 müňe golaý adama öz wagtynda hyzmat etmek göz öňünde tutulýar.

Akmeňli ANNAGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar