Ýolagçy otlularyna elektron biletleri onlaýn resmileşdirmegiň tertibi tassyklandy

2 Fewral 2023
697

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda çykaran buýrugy esasynda Ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly (onlaýn) resmileşdirmegiň Tertibi tassyklandy. Oňa laýyklykda, ýolagçylar gatnawdaky ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly ýa-da bilet satýan terminallarda, şeýle hem zerur bolan halatlarda ýolagçylara hyzmat edilmegi üçin açyk bolan demir ýol beketlerinde alyp bilerler.

Ýolagçy «Android» smartfonynda «Play Market-den» ýa-da «iPhone» smartfonlarynda «AppStore» programma üpjünçiligine birikdirilen «Turkmenistan Railways» programma üpjünçiliginden özüne amatly senede we wagtda gatnawdaky ýolagçy otlularyna gidiş we gaýdyş elektron biletleri satyn alyp biler.

Beýleki habarlar