Ýaşlar — döredijiligiň düri

7 Fewral 2023
661

Döwrümiziň innowasiýalaryny özleşdirip, olary durmuş zerurlygynda peýdalanyp bilýän ýaşlarymyz şu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary bilen, ähli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny barha çuňlaşdyrýarlar, ylmy işleriniň örüsini giňeldýärler. Täzelikleriň gözleginde bolup, oýlap tapan täze işlerini halk köpçüligine aýan edýärler. Olar tehnologiýa babatda döwrüň ýyldyrym çaltlygynda öňe ilerlemesi bilen deň gadam urup, gündelik ösüşleriň içinde gaýnap joşýarlar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda saldamly goşant goşýan islendik ugruny alanymyzda hem onda ýaşlaryň mynasyp paýlarynyň bardygyny gördügiňçe guwanýarsyň. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda ýer bilen iş salyşýan daýhanlaryň daýanjy hasaplanýan döwrebap tehnikalar göz açyp-ýumasy salymda ýeriňi sürübem berýär, ekişem geçirýär, hasylyňam ýygyp berýär. Eýsem, beýle tizlik, elýeterlilik, amatlylyk, wagt ýitirmezlik işiň bitdigi, maksatlaryň bökdençsiz myradyna gowuşdygy dälmi?!

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar